Iň güýçli ýel bekedi bolar

“General Electric” kompaniýasy tarapyndan öndürilen “Haliade-X” atly ýel turbinasynyň dünýäniň iň uly ýel bekedigi boljakdygy mälim edildi.Gurluşygyna 2019-njy ýylda başlanan desga Niderlandlaryň Rotterdam şäherinde deňiz kenaryna o diýen uzak bolmadyk ýerde ýerleşer.

Açyk deňizdäki bu desganyň öndürijiligi 12 megawata ýeter.Bu bolsa 15 müňden gowrak öýi elektrik energiýasy bilen üpjün edip biler.Beýikligi 220 metre barabar bolan desganyň perleriniň her biri 107 metr bolar.

Turbinanyň perleriň ýeliň tizligine görä, şekili üýtgedip, ýeliň oňa ýetirýän täsirini azaltmaga, ýagny perleriň kadaly aýlanmagyna mümkinçilik berer.Häzirki wagtda synag maksady bilen taýýarlanan kiçi turbina synagdan geçirilýär.

Bu taslamany durmuşa geçirmäge beýleki birnäçe kompaniýa hem goşant goşýar.

Amerikan “General Electric” kompaniýasy “Haliade-X”-iň işlenip taýýarlanmagy we önümçilige ornaşdyrylmagy üçin 400 million dollar maýa goýum özleşdirýär. Şeýlelikde deňizüsti ýel turbinalaryny öndürýän we gurnaýan kompaniýalaryň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär.

Serdar Garajaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan ABŞ işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Prezident Daşoguzda täze elektroenergetika desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisini kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Dekabrda Aşgabatda “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň mejlisi geçiriler
Türkmenistan ABŞ bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga umyt baglaýar