Dekabrda Aşgabatda “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň mejlisi geçiriler

Dekabrda Aşgabatda “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Aşgabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy. Onda şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenistan ABŞ” işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gatnaşyjylar bu geňeşiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli gural hökmünde ähmiýetini bellediler. Geňeşde “General Electric”, “Boeing”, “John Deere” we “Caterpillar” ýaly öňdebaryjy amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Taraplar dürli ugurlarda köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alnyp barlan hyzmatdaşlygy nygtap, hussuan-da, maliýe-bank ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna hem-de Türkmenistanda durmuşa geçirilýän halkara energetika taslamalaryna garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin yzygiderli gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar
Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler
Lebaply daýhanlar MHM-niň gorkuzmalaryna sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär