Iň gymmat göwher satyldy: 22 million dollara golaý

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen auksionda “The Rock” atly dünýäniň iň uly ak göwheri satyldy. “Christie’s” auksion öýi tarapyndan satuwa çykarylan 228,31 karat ululygyndaky daşyň 30 million dollara satylmagyna garaşylýardy.

Ajaýyp simmetrik şekilli edilip sünnälenen gymmat bahaly daş 2000-nji ýyllarda Günorta Afrika Respublikasyndaky magdandan tapylypdy. “The Rock” (daş) atly göwher 18 million 767 müň 214 dollara satyldy. Şeýlelikde, bu daş iň gymmat bahadan satylan ak göwher boldy.

Auksion öýüne tölenmeli goşmaça tölegler hasaba alnanda göwheriň täze eýesi bu daş üçin 21 million 895 müň 121 dollar tölemeli boldy.

Göwheri Fransiýanyň “Cartier” zergärçilik şereketi sünnäläpdir. Agramy 61,3 gram, ululygy 5,4 x 3,1 santimetre barabar bolan göwheriň durulygynyň VS1 ölçegindedigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Filmfare 2024 baýraklary gowşuryldy
Silwester Stallone “Rocky 4”-iň režissýorlyk wersiýasynyň çykjakdygyny habar berdi
Facebook-yň ýarym milliard ulanyjysynyň şahsy maglumatlary köpçülige ýaýrady
80 million dollara satyn alynmagyna garaşylýar
Kosmosda bäsdeşlik ýitileşýär
Ýylyň iň gowy 10 filmi