Kosmosda bäsdeşlik ýitileşýär

Soňky ýyllarda kosmos pudagynda iş alyp barýan kompaniýalaryň sany barha artýar. Şeýle bolansoň, bu pudakda iş alyp barýan hususy edaralar hem köpelýär.ABŞ-nyň awiasiýa we tehnologiýa kompaniýasy “Lockheed Martin” raketa hereketlendirijilerini öndürýän “Aerojet Rocketdyne Holdings”-i 4,4 milliard dollara satyn almak üçin ylalaşandygyny mälim etdi.

Bu hyzmatdaşlyk “Lockheed Martin”-iň bu ugurda iş alyp barýan hususy kompaniýalar bolan “Space X” hem-de “Blue Origin” bilen bäsdeşlik etmegine mümkinçilik berer.

Golaýda “Lockheed Martin” kompaniýasy “Boeing” bilen “United Launch Allience” (ULA) kompaniýalary tarapyndan öndürilen “Delta 4” atly agyr ýük göteriji raketasyny kosmosa uçurypdy.

The post Kosmosda bäsdeşlik ýitileşýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Kosmos syýahatyny ýola goýar
Kosmos pudagynda garaşylýan täzelikler
Kosmosdan internet üpjün eder
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O. KONONENKONY DOGLAN GÜNI BILEN GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony 60 ýaş toýy bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda doglan kosmonawt Oleg Kononenko gutlag iberdi