Kosmos syýahatyny ýola goýar

Hytaýyň Deep Blue Aerospace kompaniýasy 2027-nji ýyldan başlap, orbitanyň çägine çenli syýahaty ýola goýar.Kompaniýa eýýäm 1,5 million ýuandan (210 müň dollar) iki bilet satypdyr.

Täsin syýahatyň ýolagçylary Ýerden 100 kilometre çenli ýokary galyp, 5 minutlap, dartyş güýjüniň bolmadyk ýerinde bolarlar. Şeýle hem syýahatçylar Ýeriň togalakdygyny gözleri bilen görmäge mümkinçilik alarlar.Bu syýahat kosmos gämisi däl-de, raketa arkaly amala aşyrylar.

Gaýtadan ulanyp bolýan raketalar syýahatyň bahasynyň arzan bolmagyna getirer.

Häzirki wagtda şeýle syýahaty beýleki käbir kompaniýalar hem ýerine ýetirýär. Emma Deep Blue Aerospace şeýle syýahaty amala aşyrjak ilkinji hytaý kompaniýasy bolar.

Näzikgül BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylyň esasy wakalary
Kosmos pudagynda garaşylýan täzelikler
Telefonlar kompýuter bilen sazlaşykly işlär
Acer 120 gers ekranly we täze ses ulgamly telewizory bildiriş etdi
Kosmosdan internet üpjün eder
Xiaomi sesi diňleýjiniň äňinden eşitdirýän gulaklyk öndürdi