Iň gymmat “milanly” hem-de italiýaly futbolçy boldy

Angliýanyň “Nýukasl” kluby Italiýanyň “Milan” toparynyň ýyldyzy Sandro Tonalini düzümine goşdy.Iňlis kluby 23 ýaşyndaky italiýaly ýarymgoragçy bilen 2028-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. “Nýukasl” topary Tonaliniň transfer tölegi hökmünde “Milana” 70 million ýewro tölär.

Oýunçynyň görkezjek başarnygyna görä, ýene-de goşmaça tölegler hem bolup biler. Şunlukda, Tonali “Nýukaslyň” iň gymmat transferi bolar. Şol bir wagtyň özünde-de Tonali “Milanyň” transfere goýberen iň gymmat futbolçysy bolup, ol braziliýaly Rikardo Kakanyň rekordynyň täzeledi (67 million ýewro).

Galyberse-de, Tonali transferine iň köp pul tölenen italiýaly futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Karýerasyny “Milanda” dowam etdirmek isleýändigine garamazdan, transfere goýberilen Tonali italýan toparynda 3 möwsüm oýnady. 2022-nji ýylda gazanylan çempionlykda uly rol oýnan Tonali “Milanda” 130 oýunda 7 gezek tapawutlandy. Çagalykdan “Milanyň” janköýeri bolan Tonali futbola “Breşiýada” başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Meşhur futbolçynyň ogly ilkinji gezek milli ýygynda çagyryldy
Italiýaly ýaş futbolça 7 aý jerime berildi
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi
Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi
Ispaniýaly Sançes karate boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy