Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi

Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi

Variety neşiri 2021-nji ýylda Golliwudda iň ýokary gonorarly aktýorlaryň sanawyny düzdi diýip, gazeta.ru habar berýär.Bu sanawda birinji orny Raýan Jonsonyň “Knives Out” filminiň iki bölüminde surata düşendigi üçin 100 mln dollar alan Deniýel Kreýg eýeledi.

Iki kartina-da Netflix akymynda çykar.Iki film dowamyna hukuk almak üçin striming ägirdi 469 mln dollar çykardy.Birinji sikweliň surata düşürilmegi dowam edýär, onuň 2022-nji ýylda çykmagyna garaşylýar.

Ikinji orny Dueýn “Gaýa” Jonson eýeledi ol Amazon Studios üçin “Red One” başdan geçirmeler komediýasy surata düşürilenden soň 50 mln dollar alar. Üçünji orunda “King Richard” üçin 40 mln dollar bilen Uill Smit, dördünji orunda “The Little Things” üçin şol bir mukdar bilen Denzel Waşington ýerleşdi. “Don’t Look Up” komediýasy üçin 30 mln dollar alan Leonardo Di Kaprio bolsa bäşinji orny eýeledi.

Iň ýokary hak alýan artistleriň onlugyna Mark Uolberg, Jennifer Lourens, Juliýa Roberts, Sandra Ballok we Raýan Gosling hem girdi. Sanawyň iň soňky ornunda “Betmen” filmine gatnaşandygy üçin üç million dollar gonorar bilen Robert Pattinson ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

Emmi baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
“Mirasdüşerler” iň gowy drama serialy, “Ted Lasso” iň gowy komediýa serialy
15-nji oýunçyny hem transfer etdi
Jennifer Lourens häzirki zaman şertlerinde komediýa surata düşürmegiň kyndygyndan zeýrendi
Netflix baş keşpde Leonardo Di Kaprio bilen “Ýokaryk seretmäň” filmini çykardy