Jennifer Lourens häzirki zaman şertlerinde komediýa surata düşürmegiň kyndygyndan zeýrendi

Jennifer Lourens häzirki zaman şertlerinde komediýa surata düşürmegiň kyndygyndan zeýrendi

Golliwudyň aktrisasy Jennifer Lourens Sky News neşiri bilen söhbetdeşliginde häzirki wagtda komediýa filmleri surata almagyň kyndygyndan zeýrendi, sebäbi şeýle filmlerdäki ýumory kimdir biri üçin kemsidiji hasaplap bilerler.

Men birwagtky zelelsiz gülkiniň wagty geldi diýip, pikir edýärin. Emma häzir komediýa surata düşürmek kyn, sebäbi onuň kimdir birini kemsitmegi daşda däl diýip, Lourens nygtady.

Ol golaýda özüniň baş keşpde surata düşen Gaty görmesiz atly komediýasy belli bir derejede her bir tomaşaçyny kemsidýär diýip hasaplaýar, emma aktrisa häzir dünýä komediýa gerek diýip, ynanýar.

Meddi atly gyz (Jennifer Lourens) barada gürrüň berýän Gaty görmesiz atly komediýanyň 22-nji iýunda Nýu-Ýorkda ilkinji görkezilişi boldy.

Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar
Netflix baş keşpde Leonardo Di Kaprio bilen “Ýokaryk seretmäň” filmini çykardy
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji ornuny saklap galdy
Forbes: Mask dünýäniň iň baý adamy
Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler