18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi, Türkmenistan deňiz gämileriniň sanyny artdyrar, Aşgabatda ýene bir gezek Grinç mýuzikli görkeziler we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşygy geçirildi.Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany bu saparyň netijeli gepleşikleri geçirmek, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 2.

Rimde Türkmenistanyň ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Edmondo Çirielliniň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşykda halkara guramalarynyň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ylmy-medeni we söwda-ykdysady ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça çäreler barada pikir alşyldy. 3.

Türkmenistanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan täze gämileri kabul etmek meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, deňizdäki barha artýan nebit we gaz ýataklaryna hyzmat edýän üpjünçilik gämilerine hem-de daşaýjy-buksir gämilerine uly üns berilýär. 4. 28-nji ýanwarda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň sahnasynda raýatlardan gelip gowşan köp sanly islegleriň esasynda Grinç atly aýdym-sazly çykyş ýene bir gezek görkeziler. Çykyş sagat 19:00-da başlar.

Petekleri satyn almak bilen baglanyşykly meseleler boýunça: +99362820781; +99365313453 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz. 5.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň V saýlama oýny geçirildi.

Nobatdaky tapgyryň mowzugy Gajar döwletiniň halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty bilen baglanyşykly boldy.Oýna Türkmenistanyň dürli sebitlerinden geljegini diplomatik karýera bilen baglanyşdyrmagy meýilleşdirýän sekiz sany ýokary synp mekdep okuwçysy gatnaşdy.

Bäsleşigiň ahyrynda Gülaýym Bakyýewa we Seýitmuhammet Gurbangeldiýew ýeňiji boldular.Dünýäde 6.Louis Vuitton fransuz brendi sendwiçler üçin niýetlenen täze torba hödürledi.Ol deriden taýýarlanandyr we gönüburçly şekile eýedir.

Torbanyň bahasy 3 müň dollara deň.Täze önüm ilkinji gezek brendiň Günbatar Golliwuddaky wagtlaýyn dükanynda satuwa çykaryldy.

7. Abu-Dabide Özbegistanyň we BAE-niň hökümetleriniň arasynda wiza talaplaryndan özara boşatmak hakynda teswirnama gol çekildi. Teswirnama laýyklykda, Özbegistanyň raýatlary BAE 30 güne çenli wizasyz baryp bilerler. Ýurda girmek üçin daşary ýurt pasporty bolmaly we onuň hereket edýän möhleti BAE-de bolnanda 6 aýdan az bolmaly dal.

Sport habarlary 8. 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Maskat şäherinde geçirilen Merkezi we Günbatar Aziýanyň çempionatynda ajaýyp çykyş edip, 2 altyn we 4 kümüş medal gazandy.

Topar umumy sanawda ikinji orny eýeledi we Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldy. Ýaryşyň esasy gahrymanlary Türkmenistanyň häzirki çempiony, ýekelikde iki altyn medal gazanan Ilima Guseýnowa we Aýlara Kakabeýewa boldy.

Gyzlar bilelikde jübütleýin ýaryşda 4 kümüş medal gazandylar.

9. Kataryň milli ýygyndysynyň futbolçylary Aziýa kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäklerinde Täjigistanyň toparyny ýeňdiler. Duşuşyk Al Baýt stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk pökgini Kataryň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Akram Afif 17-nji minutda tora girizdi. Bu ýeňiş netijesinde Katar 6 utuk toplady we ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagyny kepillendirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar
Türkmenistanly tennisçi Omanda geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi