Dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy synagdan geçirilýär

Dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy boljak “Vestas V236-15.0 MW”-iň synag maksatly görnüşinde energiýa öndürilip başlandy.Daniýanyň günbataryndaky Ýutlandiýa ýarym adasyndaky ýokary öndürijilikli energiýa desgasyny doly synagdan geçirip görmek üçin merkez guruldy.

Bu ýerde dünýäniň iň uly ýel beketleriniň biri boljak “Vestas V236-15.0 MW” köpçülikleýin önümçilige goýberilmezden ozal dürli ugurlarda barlanyp görler.Geçirilen synaglar desganyň önümçiliginiň tassyklanmagy üçin ähmiýetli bolup durýar.

Bu desganyň guruljakdygy barada 2021-nji ýylyň fewral aýynda mälim edilipdi. Bekediň her bir periniň diametri 236 metre, diňiň beýikligi 280 metre ýetip, bu ugurda dünýäde birinji bolar. Ýel diňiniň bitewi perleri Daniýanyň Nakskow şäherindäki “Westas” zawodda öndürilýär. Ýel diňiniň şeýle ululykdaky peri Ýewropada ilkinji gezek öndürilýär. Uzak aralykdan getirmek kyn bolandygy sebäpli desganyň bu bölegini Daniýada öndürilipdir.

Bir sany “Vestas V236-15.0MW” ýel diňiniň önümçilik kuwwaty 80 GWt-a ýetýär.Bu görkeziji 20 müň töweregi maşgalany elektrik energiýasy bilen üpjün eder.Bilermenler şeýle mukdardaky energiýanyň arassa çeşmeden alynmagynyň 38 müň tonnadan gowrak kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni almaga ýardam etjekdigini belleýärler.

Başga söz bilen aýdylanda bu görkeziji 25 müň awtoulagyň çykarýan zyýanly tüssesine barabar.Dünýäniň iň güýçli ýel turbinasy geljek ýyl Daniýanyň Frederikşawn ýel fermasynda ilkinji gezek hereket eder.

Nedir Akyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň täze Patyşasyny gutlady
Frederik X Daniýanyň täze Patyşasy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Patyşasyny gutlady
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
Daniýanyň Şa aýaly tiz wagtda tagtdan ýüz öwürmekçidigini yglan etdi
Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy