Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar

Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar

Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar, Aktýorlaryň gildiýasy we ABŞ-nyň Prodýuserler assosiasiýasy täze geleşigiň şertleri barada ylalaşmadylar diýip, Habar 24 ýazýar. Taraplar ylalaşygyň käbir şertleri babatda oňuşmadylar, şonuň üçin oňa gol çekmek yza süýşürildi.

160 müň agzasy bolan aktýorlar Kärdeşler arkalaşygynyň agzalary özleriniň haklarynyň artdyrylmagyny hem-de strimingleriň ösýän şertlerinde iş şertleriniň gowulandyrmagyny talap edýärler. Eger iş taşlaýyş başlansa, Kärdeşler arkalaşygynda durýan aktýorlara filmlerde surata düşmek we premýera görkezilişlerine gatnaşmak gadagan ediler.

Aktýorlar gildiýasynyň ýolbaşçylara açyk hatyna amerikan aktýorlarynyň 300-den gowragy gol çekdi, olaryň arasynda Brendan Freýzer, Jennifer Lourens, Mark Ruffalo we Meril Strip dagylar hem bar.

Soňky gezek aktýorlar mundan 43 ýyl öň üç aýlap iş taşlaýyş edipdiler.

Sara Bibel, ssenariçi: - Aktýorlaryň iş taşlaýşa gatnaşmagy biziň üçin uly goltgy bolardy, sebäbi olaryň şöhraty ssenariçileriňki bilen deňeşdirilende, has ýokarydyr. Biz — ssenariçileri hemmeler tanap barmaýarlar. Eger kino ýyldyzlary iş taşlaýşa gatnaşsalar, munuň täsiri ýokary bolar.

Ýene degişli makalalar

Iň arzyly sumka
Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Brendan Freýzer Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragyny aldy
Tom Kruz özi baradaky ýakymsyz myş-myşy ýalana çykardy
Aktýor Uill Smit 55 ýaşady
Dolf Lundgren kino alynýarka Siwester Stallonäni ýençmek isländigini boýun aldy