Aktýor Uill Smit 55 ýaşady

Aktýor Uill Smit 55 ýaşady

Rowaýaty kino aktýory Uill Smit 55 ýaşyny baýram etdi. Ol bu gün Golliwudyň iň köp hak tölenýän ýyldyzlarynyň biridir. Smit Gara eşikliler filminden soňra meşhurlyk gazandy, ol filmde diňe baş keşbi döretmän, eýsem, onuň sazyny hem ýazdy diýip, MIR 24 habar berýär.

2022-nji ýylda artist Patyşa Riçard filmindäki keşbi üçin Оskar baýragyny aldy. Emma şol baýrak gowşurylyş dabarasynda-da ABŞ-nyň kinoakademiýasy oňa dabara gatnaşmagy on ýyl gadagan etdi. Munuň sebäbi baýrak alýan wagty Uill Smit öz kärdeşi, alyp baryjy Kris Roka şarpyk çaldy. Muňa Rokuň gödek degişmegi sebäp boldy, ol aktýoryň aýaly babatda kemsidiji sözleri aýtdy.

Soňra Smit kärdeşinden we kinoakademiýadan ötünç sorady. Emma muňa garamazdan, uzak wagtlap, hiç kim aktýory kino surata düşmäge çagyrmady.

Diňe 2023-nji ýylyň ýanwarynda Smitiň 2019-njy ýylda ekranlara çykan Aladdin atly filmiň dowamynda Jynyň keşbinde çykyş etjekdigi belli boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda metjitler açylýar, Owganystandaky maşgalalara ynsanperwer kömekler berilýär, Turkish Airlines 8-nji aprelde ýörite uçuş amala aşyrar we beýleki täzelikler
Uill Smit Amerikan kinoakademiýasynyň çärelerine gatnaşmakdan çetleşdirildi
Bred Pitt hiç haçan surata düşmejek aktýorlarynyň sanawyny ýöredýär
Ýamaýka Palestinany Resmi Taýdan Ykrar Etdi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy