Kim, haçan oýlap tapdy?

Saýawan. Gündelik durmuşda Günden, ýagyndan goranmak üçin ulanylýan hojalyk esbaplarynyň biri hem saýawandyr.Saýawanlar palma ýapraklaryndan, tawus ýeleklerinden başlap, şu günki görnüşe gelýänçä birnäçe özgerişi başdan geçiripdir.

Häzirki wagtda tehnologik birikmeleriň girizilmegi esasynda Bluetooth-ly hem-de uçýan görnüşli saýawanlar hem bar.Eýsem, saýawanyň näçe ýyllyk taryhy barka?Kim, haçan oýlap tapdyka?Geliň, bular barada öwreneliň!

Saýawan ilkinji gezek, takmynan, 4 müň ýyl mundan ozal Günbatar Aziýanyň taryhy sebiti bolan Mesopotamiýada oýlanyp tapylýar. Şol döwürlerde bu enjam yssy howa şertleri sebäpli Gün şöhlesinden goranmak maksady bilen ulanylýar.

Saýawan sözi köp dillere dürli görnüşde geçip, gorag, kölege manysyny berýär.Saýawan ilki palma ýapraklaryndan, soňra papirus gabyklaryndan hem-de tawus ýeleklerinden ýasalyp başlanýar.Ilkinji saýawanlar gaty agyr bolandygy sebäpli, götermekde köp güýji talap edipdir.

Mesopotamiýadyr Müsür sebitlerinde patyşalar üçin ulanylan Günden goraýjy enjam orta asyrlarda Hytaýa hem ýaýraýar. Ýöne Hytaýda bu enjamy bambuk çybyklaryndan ýasap, üstüni ýaprak ýa-da ýelek bilen örtýärler.Soňlugy bilen nebitli kagyzlar bilen üsti örtülen bu enjamyň agramy has ýeňilleşip, ýagyşdan goranmak üçin hem ulanylyp başlanýar.

Hytaýda söwdanyň ösmegi bilen saýawanlar Beýik Ýüpek ýoly arkaly Ýaponiýa, Koreýa, Gresiýa, Hindistana, Rime, hatda Demirgazyk Amerika çenli baryp ýetýär.

Saýawan XVII asyrda Günbatar ýurtlaryň medeniýetinde, esasanam, Italiýada, Fransiýada we Angliýada uly orun eýeleýär.Ilkibaşda bu enjam diňe zenanlaryň ýagyşdan goranmagy üçin ulanylan zenan esbaplary hasaplanyp, iňlis erkekleriniň saýawandan peýdalanyp başlamagy bilen ähli kişi üçin deňlik bolýar.

Baýlygyň, at-abraýyň hem-de medeniýetiň nyşany hasaplanan kölegeli enjamyň bahasy gymmat bolupdyr. Ýewropada jemgyýetiň ýokary gatlagynyň wekilleriniň saýawany ulanyp, mahabatyny ýetirmegi bilen bu enjam elýetmez harytlaryň birine öwrülýär.

Günbatar ýurtlarda bu enjam kitiň süňkünden ýasalyp, üsti agaçdyr galaýy, alýumindir aýna bilen örtülýär. 1830-njy ýylda telekeçi Jeýms Smit Sons atly saýawan dükanyny açýar we bu dükan häzirki wagtda hem Londonda müşderilerine hyzmat edýär.

1928-nji ýylda oýlap tapyjy Hans Haupt tarapyndan ilkinji kömelek görnüşli saýawan işlenip düzülýär. Neýlon görnüşli mata bilen üsti ýapylan bu enjam ýeňil we berk metallar bilen kämilleşdirilýär. 1969-njy ýylda Bredford

Filips eplenýän saýawany üçin patent alýar. Ýöne eplenýän saýawanyň gaty çylşyrymly bolandygy üçin bu enjamyň kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär. Häzirki wagtda saýawanyň eplenýän, awtomatik, kiçi, uly, ýele we gurak howa çydamly birnäçe görnüşi, şol sanda gül ýaly açylýan, akylly we uçýan görnüşleri bar. Şeýle hem çagalar üçin niýetlenen nagyşly, dürli şekilli kiçijik görnüşleri hem bar.

Gyzykly maglumatlar

1959-njy ýylda Gawaidäki myhmanhanalaryň birinde myhmanlara ilkinji gezek bulguryna kiçijik saýawan berkidilen içimlikler hödürlenýär.

1965-nji ýylda Kennet Harz itler we pişikler üçin saýawan oýlap tapýar.

2011-nji ýylda ekologiýa taýdan arassa saýawan ýasalyp, bu ýaşyl saýawan ösümlik materiallaryndan, şeýle hem gaýtadan işlenen Coca-Cola çüýşelerinden öndürildi.

2016-njy ýylda öýjükli telefonyň

Bluetooth-yna birikdirilýän akylly saýawan işlenip düzüldi. Bu saýawan eýesine howa maglumatyny sms edýär.

2018-nji ýylda Ýaponiýada uçýan saýawan işlenip düzüldi. Bu saýawan utgaşykly hereket edip, eýesini ýagyşdan goraýar.

Ýene degişli makalalar

AŞTU: Belet Film hyzmatyny bir ýyllyk garaşaryna berilýän Belet Box týunerinde birikdirip bilersiňiz
Ajaýyp gök göwher auksiona çykarylar
“Blue”Atly Döwrebap Ýahta Bodruma Geldi
“Nike” iň naýbaşy krossowka brendi
Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli gämiler abatlanýar
BMW-niň “akylly” äýnegi