Uçarda 5G hyzmatyna rugsat berler

Ýewropa ýurtlarynda howa gatnawlarynda ýolagçylara 5G internetinden peýdalanmaga rugsat berilmegi göz öňünde tutulýar. Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň agzasy Týerri Breton aşa tiz, ýokary hilli arabaglanyşyk barada gürrüň edilende, asmanyň çäkden daşda däldigini aýtdy. Ýewropa Bileleşigi mundan ozal hem howa gatnawlarynda mobil aragatnaşygy ýola goýmakda käbir täzelikler girizipdi.

Häzirki wagtda uçaryň bortunda “Bluetooth” we “Wi-Fi” baglanyşygyna rugsat berilýär.Emma täze giriziljek düzgüne görä, uçar ýolagçylaryna jaň etmäge, sms-habarnamasyny kabul etmäge ýa-da ibermek, internetden peýdalanmaga rugsat berler.

Halkara Howa Gatnawlary Bileleşiginiň wekili uçarlarda 5G baglanygy üçin aýratyn tolkun boljakdygyny, şol sebäpli uçuşyň howpsuzlygyna hiç hili zyýan ýetmejekdigini belleýär.Uçaryň içindäki 5G baglanyşygy üçin aýratyn enjamlar oturdylar.

Bu enjamlar emeli hemralar arkaly Ýerdäki antennalara biriger. Şeýlelikde, uçuş wagtynda mobil aragatnaşyk ýola goýlar.Täze düzgüniň haçan ýola goýuljakdygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

Bägül Ýomudowa, Türkmenistanyñ telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanda hususy awtoulaglaryň sürüjileri örtüklerini aýyrdylar, TDMG-niň harby gullukçylaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi, Kataryň ilçihanasy 3 sany awtoulagy satuwa çykardy we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy 1-nji iýuldan içki gatnawlaryň sanyny köpeltdi
Iýuldan başlap Türkmenistan awiakompaniýasy Russiýa hepdede 4 gezek uçuş edip başlady
Türkiýe Bilen Ysraýylyň Arasynda Howa Gatnawy Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy
Özbegistandan Russiýa awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär
Awazada ulag ugurly halkara forum geçirildi