Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi

Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi

Golliwudyň ýyldyzy Jon Trawolta 70 ýaşyny belledi. Ol 1954-nji ýylyň 18-nji fewralynda Amerikanyň Nýu-Jersi ştatynyň Englwud şäherinde doguldy. Kakasy amerikan futbolynyň oýunçysydy, ejesi aýdymçy we aktrisady. Trawolta aktýor bolmak üçin 16 ýaşynda mekdebi taşlady. Ol teatr oýunlarynda çykyş etdi, teleseriallarda surata düşdi.

1975-nji ýylda Jon Trawolta Dowzah ýagyşy atly elhençlikler filminde surata düşdi, Kerri atly trillerde surata düşüp, tanalyp başlady. Aktýor Şenbe agşamynyň ysytmasy atly filmde tansçynyň keşbini döredendigi üçin Oskar we Altyn globus baýraklaryna dalaşgärlige hödürlendi.

1994-nji ýylda Kwentin Tarantinonyň Jenaýatçylykly çyrşama atly filminde ýerine ýetiren keşbi oňa bütin dünýäde meşhurlyk getirdi.

Jon Trawolta kinoda 60-dan gowrak filmde we 20 sany teleserialda keşp döretdi.

Aktýor häzir seýrek kino düşýär diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar, Türkmenistanda iň owadan ahalteke aty saýlandy, Arkadag futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň sanawynda birinji orna çykdy we beýleki habarlar
Jeki Çan supergahrymanyň keşbini ýerine ýetirmek isleýändigini gürrüň berdi
Dolf Lundgren kino alynýarka Siwester Stallonäni ýençmek isländigini boýun aldy
Maýkl Duglas Kann kinofestiwalynyň hormatly baýragyny aldy
Arnold Şwarseneggeriň ogly Called to Duty filminde baş keşpde surata düşdi
Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl