Maýkl Duglas Kann kinofestiwalynyň hormatly baýragyny aldy

Maýkl Duglas Kann kinofestiwalynyň hormatly baýragyny aldy

Aktýor Maýkl Duglasa düýn 16-njy maýda Fransiýanyň Mawy kenarynda açylan Kann kinofestiwalynyň hormatly Altyn palma şahasy baýragy gowşuryldy diýip, TASS habar berdi.

78 ýaşly artiste baýragy aktrisa Uma Turman we dabarany alyp baryjy Kýara Mastroýani gowşurdy.

Bu baýrak we ýakymly sözler üçin sagboluň.Bütin dünýäde ýüzlerçe kinofestiwal bar, emma Kann ýeke-täk.Bu festiwalyň 76 ýaşy bar, emma men ondanam uly diýip, Duglas sahnada çykyş edende, minnetdarlyk bildirdi.

Aktýor kino sungatyna goşan goşandy üçin hormat baýragyny alanda, zalda oturanlar ör turup el çarpdylar.Ol festiwala aýaly Ketrin Zeta-Jons hem-de gyzy Keris bilen bile geldi.

Bu ýyl Kann kinofestiwalynyň esasy bäsleşigine filmleriň 21-si gatnaşýar.

Halkara Kann kinofestiwaly 1946-njy ýyldan bäri her ýylyň maý aýynda Kann şypahana şäherinde geçirilýär.

Kinofestiwal 27-nji maýa çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar, Türkmenistanda iň owadan ahalteke aty saýlandy, Arkadag futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň sanawynda birinji orna çykdy we beýleki habarlar
Jeki Çan supergahrymanyň keşbini ýerine ýetirmek isleýändigini gürrüň berdi
Dolf Lundgren kino alynýarka Siwester Stallonäni ýençmek isländigini boýun aldy
Arnold Şwarseneggeriň ogly Called to Duty filminde baş keşpde surata düşdi
Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl
Tom Kruz özi baradaky ýakymsyz myş-myşy ýalana çykardy