Jeki Çan supergahrymanyň keşbini ýerine ýetirmek isleýändigini gürrüň berdi

Jeki Çan supergahrymanyň keşbini ýerine ýetirmek isleýändigini gürrüň berdi

Aktýor Jeki Çan Russiýanyň Gazeta.ru neşiri bilen söhbetdeşliginde supergahrymanyň keşbinde surata düşmek arzuwy barada gürrüň berdi.

Ol özüne režissýorlaryň şeýle teklip bilen ýüzlenmegine umyt baglaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Emma kino ýyldyzy özüniň şeýle keşpde tomaşaçylar üçin gyzykly boljakdygyna ynanyp barmaýar, sebäbi supergahrymanly kinoda, esasan, şekillendiriş we ýörite täsirli tehnologiýalardan peýdalanylýar. Çan bolsa ähli filmlerinde töwekgelçilikli sahnalary özi ýerine ýetirýär.

Düşünýäňizmi näme, tomaşaçylara hakyky Jeki Çany görmek ýaraýar. Hatda tehnologiýalaryň şeýle ösen döwründe-de olara Jekiniň ähli zady özüniň edýändigini synlamak hoş ýakýar. Olaryň meni Möý-adamyň ýa-da Supermeniň keşbinde göresi gelmeýär. Emma onda-da men režissýorlardan kimdir biri özümi supergahrymanyň keşbine çagyrjakdygyna umyt edýärin diýip, aktýor gürrüň berdi.

63 ýaşly aktýor özüniň kinoda käbir töwekgelçilikli sahnalar üçin gartaşandygyny, indi munuň üçin tans sungatyndan peýdalanýandygyny boýun aldy. Hut tans sungaty aktýora uruşganly sahnalarda ussatlarça çykyş etmäge mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Jeki Çan fotosuratda tiz garramagynyň sebäbini düşündirdi
Kung-fu Panda 4 multfilminiň treýleri internetde peýda boldy
Jeki Çanyň täze filmi
Jeki Çanyň gatnaşan Karate-oglan filminiň dowamy surata düşüriler
Jeki Çan Brýus Li bilen bagly wakany ýatlady
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly