Jeki Çanyň gatnaşan Karate-oglan filminiň dowamy surata düşüriler

Jeki Çanyň gatnaşan Karate-oglan filminiň dowamy surata düşüriler

Sony Pictures kinostudiýasynyň Karate-oglan filminiň ikinji bölümi şu güýzde surata düşürilip başlanar. Bu barada Film & Television Industry Alliance guramasyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Filmiň surata alnyş işleri Kanadanyň paýtagty Monrealda geçer, taslamada meşhur aktýor Jeki Çan hem surata düşer. Täze Karate-oglan filminiň režissýory Jonatan Entwistl bolar.

Birinji filmde 12 ýaşly Dre Parker (Jeýson Smitt) barada gürrüň berilýär, ol Hytaýa maşgalasy bilen göçüp barýar. Haçanda ýerli oglanjyklar ony kemsidenlerinde, jenap Han (Jeki Çan) oňa kung-fu başa-baş söweş sungatyny öwredýär. Täze bölümde Jeýson Smittiň surata düşjekdigi heniz belli däl.

Sony studiýasy filmiň 2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda ekranlara çykjakdygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ben Afflek bilen Jennifer Lopes toý tutdular
Jeki Çanyň täze filmi
Karate oglanjyk filminiň dowamy surata düşüriler
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
“Sazlaýjy 2” (The Equalizer 2)
Hepdäniň täze animasiýalary