Jeki Çan fotosuratda tiz garramagynyň sebäbini düşündirdi

Jeki Çan fotosuratda tiz garramagynyň sebäbini düşündirdi

Gonkongly aktýor Jeki Çan özüniň soňky fotosuratlarynyň birinde keşbiniň garry görünmeginiň sebäbini täze filmde surata düşmäge taýýarlanýandygy bilen düşündirdi. Bu barada The Star neşirine salgylanýan Izwestiýa ýazýar.

Martda Jeki Çanyň suratlarynyň birinde gaty garry görünmegini sosial ulgamlarda ara alyp maslahatlaşdylar. Aktýor öz muşdaklaryny täze filme taýýarlanýandygy bilen köşeşdirdi. Filmdäki gahrymanym menden çal saçly, ak sakgally bolmagymy hem-de garry görünmegimi talap edýär diýip, Çan gürrüň berdi.

7-nji aprelde aktýor 70 ýaşady. Dostlarymyň köpüsi maňa Jeki sen 70 ýaşyňda diýip ýatladýarlar. Bu sany eşidenimde, ýüregim bir sekunt duran ýaly bolýar. Eýýäm 70 ýaşaýdymmy? diýip, Jeki özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.

Aktýoryň sözlerine görä, onuň saglygy gowy, ýaşyny alada edenok. Ol özüniň kinodaky 62 ýyllyk kärinde henizem filmlerde surata düşýändigini bagt hasaplaýar.

Ýene degişli makalalar

Jeki Çan supergahrymanyň keşbini ýerine ýetirmek isleýändigini gürrüň berdi
Kung-fu Panda 4 multfilminiň treýleri internetde peýda boldy
Jeki Çanyň täze filmi
Jeki Çan dombranyň owazyna goşup aýdym aýtdy
Jeki Çanyň gatnaşan Karate-oglan filminiň dowamy surata düşüriler
Aşgabatda Magtymgulynyň döredijilik mirasy festiwaly açyldy, Türkmenistana Hytaýdan iki sany teplowoz gelip gowşar, Daşkent seýilgähinde aýdymçy Dinara Saparowanyň konserti geçiriler we beýleki habarlar