Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl

Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl

Aktýor Tom Kruz goja kärdeşi Harrison Forduň Indiana Jons: Täleýiň gerdişi filmindäki aktýorlyk ussatlygyna haýran galýandygyny gürrüň berdi. Onuň bu barada sözlerini The Sydney Morning Herald neşiri getirýär diýip, Gazeta.ru ýazýar.

61 ýaşly Kruz 80 ýaşly kärdeşi Ford kimin gojalyk salynda-da kino düşmäge çalyşmakçydygyny aýtdy. Ýagny ol Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyrynda 80 ýaşynda-da surata düşmegini dowam etmekçi.

Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan öňde duran täze filmdäki howply hokgalary Kruz kaskadýorlaryň kömeginden peýdalanman, özi ýerine ýetirdi. Ol, mysal üçin, täze filmde dag belentliginden sagatda 80 kilometrlik tizlik bilen paraşýutly bökdi.

Işi ýerine ýetirip bolanok. Ölüm howply haklaşyk. Birinji bölüm atly täze film şu ýylyň 12-nji iýulynda dünýä prokatyna çykar.

Ýene degişli makalalar

Tom Kruz özi baradaky ýakymsyz myş-myşy ýalana çykardy
Täze Indiana Jons we Işi ýerine ýetirip bolanok filmleri ýitgili bolup biler
Sosial ulgamda ynandyryjy däldigi üçin hindi filmini tankyt etdiler
Stiwen Spilberg Harrison Forduň täze filmine haýran galandygyny gürrüň berdi
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri