Sosial ulgamda ynandyryjy däldigi üçin hindi filmini tankyt etdiler

Sosial ulgamda ynandyryjy däldigi üçin hindi filmini tankyt etdiler

Sosial ulgamlarda gaýadan aşak gaçyp gelýärkäler uzak wagtlap gürrüň edýän gahrymanly hindi filmini tankyt etdiler. Bu barada The Indian Express habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Film 2021-nji ýylda ekranlara çykan eken, emma ol sosial ulgamlardan peýdalanyjylaryň häzir gözüne ilipdir. Filmiň ýordumyna görä, gyz gaýadan gaçýar, onuň yzy bilen ýigit hem bökýär, ol ýolda gyza özüniň söýýändigi barada uzak wagtlap tolgundyryjy gürrüň berýär. Gyzyň ilki gaçandygyna garamazdan, ýigit onuň yzyndan ýetýär we howada ony gujaklaýar, olar iki bolup, ýere gaçýarlar.

Emma tomaşaçylar bu görnüşleriň hakykata laýyk däldigini aýdyp degişdiler. Mysal üçin, olaryň biri: Alym Isaak Nýuton çaty terk etdi. Aktýorlaryň şeýdip, üstünden gülmek nämä gerek diýip ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Jeki Çan fotosuratda tiz garramagynyň sebäbini düşündirdi
Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl
Aşgabatda Uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar, Türkmenistanda iň owadan ahalteke aty saýlandy, Arkadag futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň sanawynda birinji orna çykdy we beýleki habarlar
Jeki Çan supergahrymanyň keşbini ýerine ýetirmek isleýändigini gürrüň berdi
Dolf Lundgren kino alynýarka Siwester Stallonäni ýençmek isländigini boýun aldy
Maýkl Duglas Kann kinofestiwalynyň hormatly baýragyny aldy