15-nji oýunçyny hem transfer etdi

“Premier Liganyň” täze topary, has takygy, 23 ýyldan soň gaýdyp gelen “Nottingam Forest” topary 2 günde 3 oýunçy transfer etdi. Çempionatyň 2-nji tapgyrynda “West Hamy” 1-0 ýeňen “Nottingam Forest” topary düýn “Watforddan” nigeriýaly hüjümçi Emmanuel Dennisi 20 million ýewro, “Kristal Palasdan” hem senegally ýarymgoragçy Şeýhu Kuýateni erkin agent ýagdaýynda düzümine goşdy. 24 ýaşyndaky Dennis 4, 32 ýaşyndaky Kuýate bolsa 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Şu gün bolsa “Atalantda” çykyş edýän şweýsariýaly Remo Froýleri 15 million ýewro transfer eden “Nottingam Forest 30 ýaşyndaky oýunçy bilen 4 ýyllyk ylalaşyga gol çekişdi.

Froýler 6,5 ýyldan bäri “Atalanta” çykyş edip gelýärdi. Şeýlelikde, “Nottingam Forest” toparynyň şu tomusda düzümine goşan futbolçylarynyň sany 15-e ýetdi.Topar bulardan öňem Raýan Hammond, Taiwo Awoniýi, Julian Biankone, Mussa Niakhate, Omar Riçards, Neko Williams, Weýn Hennessi, Brandon Agilera, Harri Toffolo, Lýuwis O’Braýan, Jessi Lingard, Orel Mangala dagyny transfer edipdi.

Topardan 17 futbolçy hem başga klublara transfer boldy.

Ýene degişli makalalar

Bossan Concept barbekýu mangallary bilen ýatdan çykmajak dynç alyşlary hödürleýär
Owganystanda Türkmenistandan iberilen 24 müň tonnadan gowrak ynsanperwerlik ýük kabul edildi
Türkmenistan ýer titremesinden ejir çeken Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer
Owganystanda ýertitremede 1500 adam heläk boldy
Saglygy goraýyş ministri: Eýrandaky ähli owgan raýatlaryna sanjym edildi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümleri Ýazgardy