"Horasanyň yslam döwleti": olar aýratyn näme görkezýärler we näme gazanýarlar?

"Horasanyň yslam döwleti": olar aýratyn näme görkezýärler we näme gazanýarlar?

Kabul aeroportunyň golaýynda müňlerçe adam Owganystandan çykmak umydy bilen howa menziliniň çägine girmäge synanyşýarka, janyndan geçeniň terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Horasanyň yslam döwleti" topary barada nämeler mälim?

"Yslam döwleti" ekstremist toparyndan gelip çykan "Horasanyň Yslam döwleti" (gysgaça YD-H, ýa-da "Horasan Welaýaty") Owganystandaky parahat ilata garşy amala aşyrylan iň ganly hüjümleriň arkasynda durýar, olar 26-njy awgustda Kabul howa menzilinde janyndan geçen hüjümçileriň terror aktlarynyň jogapkärçiligini-de öz üstüne aldylar.

Hut şol söweşijiler 2020-nji ýylda çaga dogrulýan hassahana hüjüm edip, 16 enäniň we göwreli aýalyň, şeýle hem iki täze doglan çaganyň, başga-da ýedi adamyň ölümine sebäp boldular.

“Horasan welaýaty”, köplenç Owganystandaky şaýy Hazara azlygynyň agzalaryny yzarlaýar, sebäbi olary dine başgaça garaýyşlylar hasaplaýarlar.

DÜNÝÄDÄKI IŇ HOWPLY TOPARLARDAN BIRI

YD-H 2015-nji ýylda döredilip, örän işjeň ýagdaýda, owganlylaryň we pakistanlylaryň, esasanam “Talyban” gaçgakçylarynyň arasyndan goldaw toplady.

"Horasan" taryhy sebitiň ady bolup, häzirki Pakistanyň, Eýranyň, Owganystanyň hem Merkezi Aziýanyň çäklerini öz içine alýar.

Bu topar rehimsiz gurama hökmünde tiz özüni tanatdy, şeýle hem sebitdäki beýleki toparlardan, şol sanda “Özbegistanyň Yslam hereketiniň” agzalaryny özüne aldy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ony 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda "daşary ýurt terror guramasy" diýip ykrar etdi. YD-H döredilenden üç ýylyň dowamynda, Ykdysadyýet we Parahatçylyk Institutynyň “Global terrorçylyk Indeksinde” dünýädäki iň ganly dört guramanyň hataryna goşuldy.

Howa zarbalarynyň dowamynda YD-H-nyň birnäçe lideriniň janyna kast edilenem bolsa, ABŞ-nyň köp ýyllyk harby kampaniýasyndan aman galana meňzeýär. 2017-nji ýylda ABŞ-nyň goşuny Birleşen Ştatlaryň arsenalyndaky "ähli bombalaryň enesi" diýilýän iň uly adaty bombany YD-H tarapyndan penalanylýan Owganystanyň gündogaryndaky daglyk toplumyna taşlady.

GAÝTADAN DIKELMEKMI?

ABŞ-nyň resmi wekilleriniň sözüne görä, haýsydyr bir wagtda bu toparyň üç müňe çenli agzasy bar diýlip çaklanylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň iýun aýynda ýaýradan hasabatynda, bu toparyň Owganystanyň Kunar we Nangarhar welaýatlarynda 1500 bilen 2200 aralygyndaky söweşijisiniň bolandygy aýdylýar. BMG-nyň maglumatyna görä, YD-H merkezden daşrakda bolmaga, ýöne umumy ideologiýa esasynda tutuş ýurt boýunça öýjüklere bölünmäge we özbaşdak hereket etmäge mejbur bolupdyr.

ABŞ-nyň resmileri we beýleki ýurtlaryň wekilleri olaryň Owganystandaky durnuksyzlykdan peýdalanyp, ol ýerdäki öz pozisiýasyny berkitmek üçin ulanyp biljekdigi barada duýduryş berdiler. 26-njy awgustda Kabul aeroportuna edilen ganly hüjümiň öňüsyrasynda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we onuň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Salliwan YD-H tarapyndan abanýan howpuň "gaty ýiti" durýandygyny duýdurdylar.

Habar berişlerine görä, bu topar soňky aýlarda sebitdäki ýitgileri hem terror heläkçiligi sebäpli birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Şeýle-de bolsa, barlagçylar bir ýyldan gowrak wagt bäri terrorçy topary yzarlamak bilen YD-H toparynda, gaýtadan dikelmeginiň alamatlarynyň bardygyny aýdýarlar.

BMG öz hasabatynda 2020-nji ýylyň iýun aýyndan bäri YD-H ar almaga öçli bolan täze lider Şahab al-Muhajiriň ýolbaşçylygynda hereket edip, "işjeň we howply" bolup galýandygyny we “Talyban” söweşijilerinden närazy bolanlary hem-de beýleki radikallary öz hataryna goşmak isleýändigini duýdurdy.

“Iýul aýynda geçen ýylyň şol aýy bilen deňeşdirilende 19 esse köp hüjüm etdi. Howpsuzlyk derejeleriniň gowşamagy, [toparyň] ýolbaşçylygyň çalyşmagy hem onuň nyşana alýan çäginiň giňelmegi sebäpli bu olara başartdy” diýip, Radikalizasiýany öwrenmek boýunça halkara merkeziň (ICSR) uly ylmy işgäri Çarli Winter Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Winteriň sözüne görä, “Talyban” Owganystanyň paýtagtyny ele geçirenden soň, YD-H toparynyň 26-njy awgustdaky hüjümleri gysga wagtlyk bolsa-da, olaryň hereketinde, täze tapgyryň başlangyjyny aňladýar. "Kabul “Talybanyň” öňünde dyza çökende, [YD-H] öz hyzmatyny ýitirene döndi, şonuň üçinem bu hüjümi meýilleşdirmek üçin ähli çäreleri gördi" diýip, bilermen aýdýar.

Owganystandaky we Pakistandaky jihadçy toparlar boýunça bilermen Abdul Saýed Şwesiýanyň Lund şäherinden ýaýradýan twitteriniň birinde, 2020-nji ýylyň fewral aýyndan bäri YD-H "täze görnüşe" geçdi hem has howply boldy diýen pikiri aýtdy.

“Owaly bilen ABŞ bilen “Talybanyň” arasyndaky şertnamany göz öňünde tutup, olar “Talybana” garşy täze we uzak wagtlyk söweşi meýilleşdirip başladylar.Amerikalylaryň yza çekilmegi bilen “Talyban” tiz wagtda Kabulda häkimiýet başyna geler diýip garaşdylar.

Muňa alamatlary men Nangarharda we Kunarda gördüm.Olar bu täze kampaniýa üçin, öz toparyna täze gelenleri ýygnap başladylar" diýip, Saýed Kabul aeroportunda bolan ganly hüjümden soň Twitter’de ýazdy.

Ol bu teswiri dowam etdirip, şeýle diýdi: "2020-nji ýylyň maý aýynda bellenen YD-H-nyň emiri Şahab al-Muhajir, şeýle hem “Talybana” garşy şäher terrorçylygy kampaniýasyny, owgan hökümetine we "olaryň ABŞ-daky hojaýynlaryna" garşy göreşi yglan etdi”.

YD-H BILEN “TALYBANYŇ” GARŞYLYGY

Kabul howa menziliniň golaýynda azyndan 170 adamyň, şol sanda 13 ABŞ harby gullukçysynyň ölmegine sebäp bolan terrorçylykly hüjümiň “Talybanyň” wada beren howpsuzlygyny üpjün edip bilmejekdigini görkezmek üçin niýetlenendigini ekspert Çarli Winter öňe sürýär. Şeýle hem bilermen YD-H-nyň ABŞ-y Owganystandaky gatnaşygyny giňeltmäge synanyşýandygyny öňe sürdi.

“Strategiki nukdaýnazardan seredeniňde, olar owgan raýatlaryny we ABŞ esgerlerini öldürmek bilen “Talybany” nyşana aldylar. "Talyban" Owganystandaky pozisiýalaryny berkitmäge synanyşýan wagtynda, olara zyýan bermek üçin, [YD-H] elinden gelenini edýär" diýip, Winter aýdýar.

Bilermeniň pikirine görä, şular ýaly hüjümler ýerli we halkara derejesinde YD-nyň "eline geçýär".

"Olar Owganystany halyflygyň täze özenine öwürmekçi däl, iň bolmanda häzirlikçe. Olar diňe özleriniň bardygyny, boýun egmeýändiklerini we öz niýetlerini, geljekdäki gozgalaň hereketlerine esas taýýarlaýandygyny görkezmek isleýärler" diýip, Winter hasaplaýar.

Owganystanyň köp bölegini düýpli bir garşylyk görmezden ele alan “Talyban” 26-njy awgustdaky hüjümi ýazgardy.

"Talybanyň" metbugat sekretary Zabiulla Mujahid 27-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda YD-dan abanýan howpy peseltjek bolýana meňzedi.

“YD Yrakda we Siriýada bar, olar Owganystanda ýok. Bu ýerde diňe [YD] pikirlerini kabul eden ýa-da özlerini şolaryň yzyna eýerijiler hasaplaýan käbir adamlar bar. Owganystanda yslam hökümetiniň döredilendigini, howpsuzlygyň üpjün edilendigini, daşary ýurt güýçleriniň ýokdugyny we gozgalaň ýa-da hereketler üçin hiç hili esasyň ýokdugyny görüp, hakykaty ykrar etjekdiklerine biz ynanýarys" diýip, Zabiulla Mujahid düşündirdi.

“Talyban” Owganystany ele geçirenden soň ar almak maksady bilen köp sanly öldürilenler barada habarlar gowuşdy. BMG we adam hukuklary toparlary uruş jenaýatçylygyna meňzeş we beýleki wagşyçylyklar barada maglumatlary mälim edip, ol ýerde hakyky howpsuzlyk alamatlaryna üns berilemýändigini aýdýarlar.

ABŞ-nyň prezidenti "Yslam döwleti” toparyndan ar aljakdygyny we howa menzilindäki hüjümler üçin, olaryň "tölemeli boljagyny" aýtdy. Baýden 26-njy awgustda eden çykyşynda, Amerikanyň harby ýolbaşçylaryna YD-H toparynyň ýolbaşçylygyny we olaryň bolýan ýerlerini nyşana almak üçin, operatiw görkezmäni işläp düzmäge buýruk berlendigini-de mälim etdi.

Merkezi aňtaw gullugynyň ozalky ýolbaşçysy we Obamanyň administrasiýasyndaky Goranmak ministri Leon Panettanyň duýdurmagyna görä, Baýdeniň beren wadasy YD bilen hasaplaşmak üçin, ABŞ-nyň [Owganystana] dolanmalydygyny aňladýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

93-nji Oskar baýraklary gowşuryldy
Nebitgaz pudagynyň batly gadamlary
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
Putin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişdi
Yupekchi täze önüm hödürleýär: witaminli BOLD Mango kokos içgisi
Türk wizalaryny almakda hemaýatkär talaby 'girizilýär'