93-nji Oskar baýraklary gowşuryldy

Çarwadarlaryň Oskary

Kino sungatynyň iň uly baýragy bolan Oskar baýraklary 93-nji gezek öz mynasyplaryna gowşuryldy. Los Anjelesdäki Union Station demir ýol menzilinde geçirilen dabarada iň gowy film diýlip, garaşylyşy ýaly, Çarwadarlaryň mekany filmi saýlandy. Adatça, dabaranyň iň soňunda mälim edilýän iň gowy film baýragynyň iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryndan öň yglan edilmegi aýratyn bellärliklidir.

IKINJI ZENAN REŽISSÝOR

Filmi surata düşüren hytaýly Hloe Çžao iň gowy režissýor baýragy bilen sylaglandy.Ol bu baýragy alan 2-nji zenan režissýor hökmünde taryha girdi. Çžaodan ozal, The Hurt Locker filmi bilen Ketrin Bigelow akademiýa tarapyndan iň gowy zenan režissýor diýlip saýlanypdy.

Galyberse-de, ol bu baýragy alan ilkinji aziýaly zenan hem-de Oskaryň taryhynda bu baýragy alan ilkinji akýagyz bolmadyk zenan režissýor boldy.

3 OSKARLY ARTISTLERIŇ

HATARYNA GOŞULDY

Çarwadarlaryň mekany filminde baş keşbi janlandyran Fransis Makdormand iň gowy aktrisa baýragyna laýyk görüldi.Bu 63 ýaşly aktrisanyň Fargo (1997) we Ebbing, Missriniň daşyndaky üç bilbord (2018) filmlerinden soň, iň gowy aktrisa ugry boýunça 3-nji, umumylykda-da 4-nji Oskar heýkeljigidir (Çarwadarlaryň mekany filminiň prodýuserleriniň biri hökmünde).

Makdormand artistçilik ugurlary boýunça 3 Oskar alanlaryň hataryna goşuldy.Ondan öň Walter Brennan, Ingrid Bergman, Jek Nikolson, Daniel Deý-Lewis hem-de Meril Strip artist hökmünde arzyly heýkeljigi eýeläpdi.

Bu ugurda diňe Katerina Hepbörniň 4 Oskary bolup, ol sanawyň başyny çekýär.

GARAŞYLANOKDY

Iň gowy aktýor ugrundan hem ozal Oskary bolan Antoni Hopkins öňe saýlandy.Peder filmindäki keşbi üçin bu hormata laýyk görlen tejribeli aktýor 1991-nji ýylda Guzularyň dymyşlygy filmindäki keşbi bilen arzyly heýkeljigi eýeläpdi.

Hopkinsiň ýeňiji bolmagy köpler üçin garaşylmadyk waka boldy.Ma Reýni: blýuzuň ägirdi filmindäki keşbi üçin geçen ýylyň awgust aýynda aradan çykan Çedwik Bouzmanyň almagyna garaşylýardy.Dabara gatnaşyp bilmedik Hopkins ertesi güni akademiýa sagbolsun aýdyp, munuň özi üçin garaşylmadyk waka bolandygyny aýtdy.

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyna Minari filmindäki keşbi üçin Günorta koreýaly Ýon Ýujon mynasyp boldy. Ussat aktrisa bu baýragy alan 2-nji aziýaly aktrisadyr.

Ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyna-da garaşylyşy ýaly, Iuda we gara Messiýa filminiň ýyldyzy Daniel Kaluuýa laýyk görüldi.

PIXAR-yň 11-nji OSKARY

Pixar-yň önümi bolan Ruh multfilminiň iň gowy animasiýa saýlanan dabarasynda Meniň sekizaýak mugallymym iň gowy dokumental film diýlen ugurda Oskar baýragyny gazandy.Multfilmiň režissýory Pit Dokter 3-nji Oskaryny gazandy. Şeýle-de, Pixar kompaniýasynyň önümi 11-nji gezek iň gowy animasiýa baýragy bilen sylaglandy (15 dalaşgärlik). Ýene-de bir tapgyr atly Daniýa döwletine degişli kino iň gowy halkara film diýlip saýlandy.

Tomas Winterbergiň surata düşüren kinosy Oskar gazanan 4-nji Daniýa filmi boldy.

Ssenariý baýraklarynyň birinjisi, ýagny iň gowy asyl ssenariý baýragy ilkinji filmini öz ýazan ssenarisi esasynda surata düşüren Emerald Fennelle gowşuryldy.Zenan režissýor Umyt bildirilýän ýaş zenan filminiň ssenarisi üçin bu hormata laýyk görüldi.

Edebi esas boýunça ýazylan ssenarileriň arasyndan hem Peder filminiň ssenarisi Oskara mynasyp boldy.Bu filmiň ssenarisini 2-nji Oskaryny gazanan Kristofer Hampton bilen Florian Zeller bilelikde ýazypdy.

KÄBIR MAGLUMATLAR

2006-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Oskar dabarasynda hiç bir kino 3-den köp baýrak gazanyp bilmedi.

1972-nji ýyldan soň ilkinji sapar dabara iň gowy film baýragy bilen jemlenmedi. Mundan ozal hemişe iň gowy film baýragynyň ýeňijisiniň mälim edilmeginden soň tamamlanýan dabarada iň soňky açylan bukja iň gowy aktýor baýragy boldy. 1972-nji ýylda dabaranyň ahyrynda kino sungatynyň ägirdi Çarli Çaplin hormat sylagyna laýyk görlüpdi.

Dabara ABŞ-nyň çäginde 9,85 million adam tomaşa edip, bu görkeziji şu hasabat ýöredilip başlanyndan bäri iň pes netije hökmünde bellendi.

93-nji Oskar dabarasynda iň köp baýragy studiýalaryň arasynda Netflix aldy. 7 heýkeljik gazanan şereket bu ugurda öz rekordyny ösdürdi. Ýöne şol 7 baýragyň-da hiç biri hem esasy sylaglar bolman, olaryň iň esasysy iň gowy dokumental film ugrudyr.

The post 93-nji Oskar baýraklary gowşuryldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mart aýyna süýşüriler
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
“Öten günler” iň gowy film saýlandy
Çarwadarlaryň Oskary
93-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy