93-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

Az salym öň kino sungatynyň iň uly baýragy bolan 93-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi. Dalaşgärleri belli hindi aktrisasy Priýanka Çopra Jons bilen ýanýoldaşy Nik Jons mälim etdi.

Dewid Finçeriň “Mank” filmi 10 ugurdan dalaşgär görkezildi. Ady agzalan filmiň ssenariý we montaž ýaly ugurlaryň daşynda galmagy beýleki esasy ugurlarda-da ýeňiş gazanmak mümkinçiligini azaldýar. Ilkinji gezek iki zenan iň gowy režissýor baýragynyň dalaşgärligine hödürlendi. Olaryň biriniň akýagyz däl bolmagy-da Oskaryň taryhyndaky ilkinji gezek duş gelinýär. Aaron Sorkin güýçli dalaşgär bolsa-da, sanawa alynmady.

93-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri 25-nji aprelde geçiriljek dabarada mälim ediler.

Käbir esasy ugurlaryň dalaşgärleri

Iň gowy film

“The Father”

“Mank”

“Minari”

“Nomadland”

“Judas and the Black Messiah”

“Promising Young Woman”

“Sound of Metal”

“The Trial of the Chicago 7”

Iň gowy režissýor

Tomas Winterberg “Druk”

Dewid Finçer “Mank”

Li Aýzaak Çang “Minari”

Hloe Çžan “Nomadland”

Emerald Fennell “Promising Young Woman”

Iň gowy aktýor

Riz Ahmed “Sound of Metal”

Çedwik Bouzmen “Ma Rainey’s Black Bottom”

Entoni Hopkins “The Father”

Gari Oldman “Mank”

Stiwen Ýeun “Minari”

Iň gowy aktrisa

Wiola Dewis “Ma Rainey’s Black Bottom”

Andra Deý “The United States vs. Billie Holiday”

Wanessa Kirbi “Pieces of a Woman”

Franses MakDormand “Nomadland”

Kareý Malligan “Promising Young Woman”

Ikinji plandaky iň gowy aktýor

Saşa Baron Kohen The Trial of the Chicago 7

Daniel Kaluuýa “Judas and the Black Messiah”

Lesli Odom Junior “One Night in Miami”

Pol Rasi “Sound of Metal”

Lakeit Stanfild “Judas and the Black Messiah”

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa

Mariýa Bakalowa “Borat Subsequent Moviefilm”

Glenn Klouz “Hillbilly Elegy”

Oliwiýa Kolman “The Father”

Amanda Saýfred “Mank”

Žun žu-žun “Minari”

Iň gowy animasiýa

“Onward”

“Soul”

“Over The Moon”

“A Shaun the Sheep Movie: Farmageddon”

“Wolfwalkers”

The post 93-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
Çarwadarlaryň Oskary
“Çarwadarlaryň mekany” iň gowy drama, “Borat 2” iň gowy komediýa
Oskar baýragyna dalaşgärler belli boldy
Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm