Maýkl B. Jordon Muhammed Aliniň keşbini janlandyrar

Soňky wagtlarda sport bilen baglanyşykly seriallaryň sany barha artýar.HBO-nyň Kolin Kaepernik hem-de Megan Rapinou barada surata düşürjek seriallaryndan soň “Amazon”-dan hem sport bilen baglanyşykly habar gelip gowuşdy. “Amazon” kompaniýasy ady rowaýata öwrülen meşhur boksçy, merhum Muhammed Ali barada serial surata düşürmekçi bolýar. “The Greatest” atly bu serialda baş keşbi, Muhammed Aliniň keşbini meşhur aktýor Maýkl B.

Jordon janlandyrar. “Black Panther” hem-de “Creed” filmlerindäki keşpleri bilen adygan Maýkl B.Jordon şol bir wagtyň özünde seriala prodýuserlik hem eder.Gysga göwrümli boljak serialyň sazlaryny belli aýdymçy Jay-Z-niň “Roc Nation” şereketi taýýarlar.

Serialyň ssenarisini ýazmaklyk Joş Weýklä tabşyryldy.Serialda Muhammed Aliniň köplere näbelli bolan durmuşy barada hem gürrüň berler.

The post Maýkl B. Jordon Muhammed Aliniň keşbini janlandyrar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar
Dünýä habarlary gysga setirlerde
50 ýyldan soň çempion boldy
Muhammed Aliniň agtygy karýerasyna nokaut bilen başlady
Baba kesbi agtyga halal: Muhammet Aliniň agtygy ilkinji urşunda ýeňiş gazandy