Taliban Owganystanyň Garaşsyzlyk güni bilen bagly geçirilýän dabaralarda Milli baýdagyň aýryljakdygy baradaky kararyna garşy bolan ýüzlerçe protestçä od açdy, wakada 1 adam ýogaldy.
Ýurdyň paýtagty Kabulyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň merkezi Jelalabad şäherinde, ýurtda 1919-njy ýylyň 19-njy awgustynda Beýik Britaniýanyň häkimiýetiniň bes edimeginiň güni mynasybetli geçirilen Baýdak ýörişine ýüzlerçe adam gatnaşdy.
Associated Press tarapyndan berilen maglumata görä, ulaglaryň ýoldaşlyk etmeginde ellerinde Owganystanyň milli baýdagy bilen ýöriş geçiren adamlaryň asan käbir baýdaklar Taliban tarapyndan aýryldy.
Taraplaryň arasynda dartgynlygyň emele gelmeginden soň Taliban güýçleri adamlara od açdy.
Saglygy goraýyş edarasynyň işgärleriniň biriniň habar bermegine görä wakada 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.
Al Jezire habarlar gullugy bolsa, wakada azyndan 3 adamyň ýogalandygyny, 10-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Talibanyň Metbugat geňeşçisi Zabibullah Müjahid, düýn geçiren metbugat ýygnagynda, ýurdyň baýdagynyň üýtgedilip-üýtgedilmezligi baradaky karary dörediljek hökümet tarapyndan beriljekdigini mälim etdi.
