“Mirasdüşerler” iň gowy drama serialy, “Ted Lasso” iň gowy komediýa serialy

Telewideniýe dünýäsiniň iň abraýly baýraklaryndan bolan “Emmi” baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri mälim edildi.Los Anjelesdäki “Microsoft” teatrynda geçirilen 74-nji “Emmi Praýmtaým” baýraklarynyň dabarasyny aktýor Kenan Tompson alyp bardy.

Dabarada HBO-nyň ekran eserleri 37 heýkeljik gazandy. “Ak Lotus” serialy 5, “Ted Lasso” 4, “Mirasdüşerler” 3 “Emmi” baýragyna laýyk görüldi. Şowhunly geçen çärede iň gowy drama serialy diýlip “Mirasdüşerler” saýlandy.

Bu serial 2020-nji ýylda-da bu ugurda “Emmi” baýragyna laýyk görlüpdi.Apple TV+-yň önümi bolan “Ted Lasso” serialy bassyr 2-nji gezek iň komediýa serialy ugry boýunça ýeňiiji diýlip yglan edildi. “Ak lotus” serialy-da iň gowy gysga göwrümli serial baýragyna mynasyp boldy.

Zendeýa 2-nji gezek baýragyň eýesi boldy

26 ýaşyndaky Zendeýa “Emmi” baýraklarynda iň gowy aktrisa (drama) baýragyny 2 gezek alan iň ýaş aktrisa boldy.

Drama seriallarynyň iň gowy aktýory diýlip, koreýleriň meşhur serialy “Kalmar oýny” ekran eseriniň ýyldyzy Li Jon Je, iň gowy aktrisasy diýlip hem edil geçen ýyldaky ýaly “Eýforiýa” serialynyň artisti Zendeýa saýlandy. 26 ýaşyndaky Zendeýa bu baýragy 2 gezek alan iň ýaş aktrisa boldy.

Ussat aktýor Maýkl Kiton “Ýoklaýyş” serialyndaky keşbi üçin gysga göwrümli seriallaryň ýa-da telefilmleriň iň gowy aktýory baýragy bilen sylaglandy. “Ted Lasso” serialynyň baş keşbini janlandyrýar Jeýson Sudeikis bu ýylam komediýa seriallarynyň iň gowy aktýory diýlip saýlandy. “Hilegärler” serialyndaky keşbi üçin Jin Smarta komediýa seriallarynyň iň gowy aktrisasy baýragy gowşuryldy.

Jeýson Sudeikis geçen ýylam komediýa seriallarynyň iň gowy aktýory saýlanypdy.

Drama seriallary boýunça ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklary degişlilikde Mettýuw Makfaýdene (Mirasdüşerler) hem-de Julia Garnere (“Ozark) berildi. Komediýa seriallarynyň ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisasy diýlibem Brett Goldstein (“Ted Lasso”) bilen Şerill Li Ralf (Ebbot başlangyç mekdebi) saýlandy.

Dünýäde uly gowur turzan koreý serialy “Kalmar oýny” serialynyň ýyldyzy Li Jon Je iň gowy aktýor (drama) diýlip saýlandy.

74-nji Emmi baýraklarynyň ýeňijileri:

Iň gowy drama serialy: “Mirasdüşerler” (Succession)

Iň gowy komediýa serialy: “Ted Lasso” (Ted Lasso)

Iň gowy gysga göwrümli serial: “Ak lotus” (The White Lotus)

Iň gowy aktýor (drama): Li Jon Je “Kalmar oýny” (Squid Game)

Iň gowy aktrisa (drama): Zendeýa “Eýforiýa” (Euphoria)

Iň gowy aktýor (komediýa): Jeýson Sudeikis “Ted Lasso” (Ted Lasso)

Iň gowy aktrisa (komediýa): Jin Smart “Hilegärler” (Hacks)

Iň gowy aktýor (gysga göwrümli seriallar, telefilmler): Maýkl Kiton “Ýoklaýyş” (Dopesick)

Iň gowy aktrisa (gysga göwrümli seriallar, telefilmler): Amanda Saýfred “Çykyp gitmek” (The Dropout)

Ikinji plandaky iň gowy aktýor (drama): Mettýuw Makfaýden “Mirasdüşerler (Succession)

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa (drama): Julia Garner “Ozark” (Ozark)

Ikinji plandaky iň gowy aktýor (komediýa): Brett Goldstein “Ted Lasso” (Ted Lasso)

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa (komediýa): Şerill Li Ralf “Ebbot başlangyç mekdebi” (Abbott Elementary)

Ikinji plandaky iň gowy aktýor (gysga göwrümli seriallar, telefilmler): Mýurreý Bartlett “Ak lotus” (The White Lotus)

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa (gysga göwrümli seriallar, telefilmler): Jennifer Kulij “Ak lotus” (The White Lotus)

Iň gowy režissýor (drama): Hwan Don Hýok “Kalmar oýny” (Squid Game)

Iň gowy režissýor (komediýa): MJ Delani “Ted Lasso” (Ted Lasso)

Iň gowy režissýor (gysga göwrümli seriallar ýa-da telefilmler): Maýk Waýt “Ak lotus” (The White Lotus)

Iň gowy ssenariý (komediýa): Kinta Brunson “Ebbot başlangyç mekdebi” (Abbott Elementary)

Iň gowy ssenariý (drama): Jessi Armstrong “Mirasdüşerler” (Succession)

Iň gowy ssenariý (gysga göwrümli seriallar ýa-da telefilmler): Maýk Waýt “Ak lotus” (The White Lotus)

Ýene degişli makalalar

Emmi baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
Mirasdüşerler serialy Emmi üçin nominasiýalaryň sany boýunça lider boldy
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň arasynda Özbegistanda gepleşikler geçiriler, Kononenko orbitada bolan wagty boýunça rekord goýup biler, Aşgabatda Eýranyň harytlarynyň sergisi geçiriler
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri