Emmi baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Emmi baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Los-Anjelesde “Emmi” telewizion baýragynyň 74-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. “Mirasdüşerler” serialy iň gowy drama serial hökmünde baýraga mynasyp boldy. Şeýle-de, baýraga serialy dörediji Jessi Armstrong we ikinji plandaky iň gowy keşp üçin aktýor Mettýu Makfedýen mynasyp boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Iň gowy komediýa serialy “Ted Lasso” bolup, baş keşbi ýerine ýetiriji Jeýson Sudeýkis iň gowy komediýa aktýory hökmünde, Brett Goldstin bolsa ikinji plandaky iň gowy komediýa aktýory hökmünde baýrak aldy.

M.J.Delani komediýa serialynyň iň gowy režissurasy üçin “Emmi” baýragyna eýe boldy.Iň gowy mini-serial diýlip “Ak lotos” saýlandy.Ikinji plandaky keşpler üçin baýraklary Jennifer Kulij we Mýurreý Bartlett aldy.

Serialyň üstündäki işler üçin režissýor we ssenariýaçy Maýk Uaýt iki baýraga mynasyp boldy.Drama seriallarynda iň gowy keşpler üçin “Emmi” baýragyny Zendeýa (“Eýforiýa”) we Li Jon Je (“Kalmar oýny”) aldy. “Komediýa serialynda iň gowy keşp” nominasiýasynda Jin Smart (“Mekirlikler”) ýeňiş gazandy.

Ikinji plandaky iň gowy drama keşbi üçin baýragy Juliýa Garner (“Ozark”), komediýa serialynda ikinji plandaky iň gowy keşp üçin bolsa baýragy Şeril Li Ralf (“Ebbott başlangyç mekdebi”) aldy.Mini-serialyň iň gowy aktrisasy we aktýory Amanda Seýfrid (“Çykyp giden”) we Maýkl Kiton (“Döwüş”) boldy.

Bu üç serial nominasiýalaryň sany boýunça öňdebaryjy boldy: “Mirasdüşerler” 25 kategoriýada, “Ted Lasso” we “Ak lotos” bolsa 20 nominasiýada görkezildi.

Ýene degişli makalalar

“Mirasdüşerler” iň gowy drama serialy, “Ted Lasso” iň gowy komediýa serialy
92-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri:
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi
Ben Afflek bilen Jennifer Lopes toý tutdular