Ben Afflek bilen Jennifer Lopes toý tutdular

Ben Afflek bilen Jennifer Lopes toý tutdular

Ben Afflek bilen Jennifer Lopes garyndaşlarynyň we iň ýakyn dostlarynyň gatnaşmagynda nika toýuny tutdular. Toý 20-nji awgustda şenbe güni aktýoryň Jorjiýa ştatyndaky mülkünde geçdi. Bu barada Daily Mail neşiri gürrüň berdi diýip, Trend habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, 8,9 mln dollar harçlanyp, Ben Afflekiň aýratyn jaýynda tutulan toýa jübütleriň iň ýakyn dostlary we garyndaşlary çagyryldy. Şeýle-de, myhmanlaryň hatarynda aktýorlaryň öňki nikalaryndan bolan çagalary: Ben Afflekiň Jennifer Garnerden bolan perzentleri Waýolet (16 ýaş), Serafina (13 ýaş) we Sem (11 ýaş) hem-de Jennifer Lopesiň aýdymçy Mark Entoniden bolan perzentleri 14 ýaşly Emma we Maks hem bardy. Şonuň ýaly-da, toýa Ben Afflekiň köne dostlary — Mett Deýmon öz ýanýoldaşy Lýuçiano Barroso bilen, režissýor Kewin Smit we aktýor Jeýson Mýus dagy gatnaşdylar.

Jennifer Lopes dabara üçin toý köýnegini Ralph Lauren brendinden saýlady.Ben Afflek bolsa nikadan geçende egnine ak smoking we gara jalbar geýdi.

Ýene degişli makalalar

13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar
Aşgabatda halkara ulag forumy dowam edýär, yssy günlerde Gün şöhlesinden goranmak üçin maslahatlar we pensiýa gatançlarynyň onlaýn tölegi
Iki dilde ýazylan kitabyny çykardy