Iki dilde ýazylan kitabyny çykardy

Aýdymçy Jennifer Lopes bilen aktýor Jimmi Fellon bilelikde “Con Pollo: A Bilingual Playtime Adventure” ady bilen çagalar üçin niýetlenen kitap ýazdylar. Bu barada Lopes sosial ulgamlarda habar berdi.

Kitap ispan dilini öwrenmeklige bagyşlanýar. Suratlar bilen bezelen gyzykly kitap ýaş okyjylara esasy ispan leksikasyny özleşdirmäge kömek etmek üçin niýetlenendir. Söhbetdeşlikleriň birinde Jimmi Fellon aýdymçy bilen bilelikde çagalar kitabyny ýazmak pikiriniň Jenniferiň NBC-däki “Agşamky şüweleňden” daşary başga taslamalaryň üstünde-de bilelikde işlemek teklibinden soň peýda bolandygyny aýtdy.

Jüýjeleriň başdan geçirmeleri baradaky hekaýa olara iki dili birleşdirmäge mümkinçilik berdi. Kitap ispan terjimesi bilen iňlis dilinde ýazylyp, täze dili özleşdirýän çagalar üçin peýdalydyr. “Meniň Jimmi Fellon bilen ilkinji çagalar kitabym. Men oňa we özümize buýsanýaryn” diýip, Lopez ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Jennifer Lopez ilkinji iki dilde ýazylan kitabyny çykardy
13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Aşgabatda halkara ulag forumy dowam edýär, yssy günlerde Gün şöhlesinden goranmak üçin maslahatlar we pensiýa gatançlarynyň onlaýn tölegi
Ben Afflek bilen Jennifer Lopes toý tutdular
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna çagyrdy, Moskwada Dutaryň sesi festiwalyna bagyşlanan konsert geçiriler we beýleki habarlar