Mirasdüşerler serialy Emmi üçin nominasiýalaryň sany boýunça lider boldy

Mirasdüşerler serialy Emmi üçin nominasiýalaryň sany boýunça lider boldy

Mirasdüşerler serialy ABŞ-nyň telewideniýe akademiýasynyň Emmi baýragy üçin nominasiýalaryň sany boýunça lider boldy diýlip, baýragyň resmi saýtynda habar berilýär. Bu barada interfax.ru belleýär.

HBO taslamasy 25 kategoriýada görkezilýär.Onuň yzyndan “Ted Lasso” we “Ak lotos” (hersi 20 nominasiýada), “Bir binadaky ölüm” (17 nominasiýa) we “Eýforiýa” (16 nominasiýa) gelýär. “Iň gowy drama serialy” kategoriýasynda sekiz serial hödürlenýär (Netflix kompaniýasynyň üç, HBO-nyň iki taslamasy, Apple TV-niň, AMC-niň we Showtime-yň hersinden bir taslama): “Kalmar oýny”, “Gowusy Sola jaň ediň”, “Eýforiýa”, “Örän täsin işler”, “Bölünişik”, “Eşegarylar”, “Ozark” we “Mirasdüşerler”. “Iň gowy komediýa serialy” nominasiýasynda baýrak üçin “Ebbott başlangyç mekdebi”, “Barri”, “Mekirlikler”, “Bir binadaky ölüm”, “Ajaýyp hanym Meýzel”, “Ted Lasso” we “Biz kölegede näme edýäris” bäsleşer.

Iň gowy miniserial “Döwüş”, “Çykyp giden”, “Annany oýlap tapyp”, “Pem we Tommi” we “Ak lotos” bolup biler.Drama serialynda iň gowy aktrisa adyna Jodi Komer (“Ýewany öldürip”), Lora Linni (“Ozark”), Melani Linski (“Eşegarylar”), Sandra O (“Ýewany öldürip”), Riz Uizerspun (“Irki şou”) we Zendeýa (“Eýforiýa”) dalaş edýär.

Drama serialynda iň gowy aktýor Jeýson Beýtman (“Ozark”), Braýan Koks (“Mirasdüşerler”), Li Jon-je (“Kalmar oýny”), Bob Odenkýork (“Gowusy Sola jaň ediň”), Adam Skott (“Bölünişik”) ýa-da Jeremi Strong (“Mirasdüşerler”) bolup biler. “Emmi” baýragynyň 74-nji gowşurylyş dabarasy 12-nji sentýabrda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“Mirasdüşerler” iň gowy drama serialy, “Ted Lasso” iň gowy komediýa serialy
Emmi baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň arasynda Özbegistanda gepleşikler geçiriler, Kononenko orbitada bolan wagty boýunça rekord goýup biler, Aşgabatda Eýranyň harytlarynyň sergisi geçiriler
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
Haýsysy iň gowy serial bolar?!
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi