Iň gysga iş hepdesi bolan ýurtlar

“World Population Review” halkara guramasy 2025-nji ýyl üçin iş hepdesiniň dowamlylygy boýunça ýurtlaryň reýtingini çap etdi. Reýting üçin maglumatlar hakyna işleýän işgärleri we özbaşdak iş bilen meşgullanýan hünärmenleri göz öňünde turýar. BU reýting Halkara zähmet guramasynyň (ILO) we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) maglumatlaryna salgylanýar.

Iň gysga iş hepdeleriniň Ýemende (25,9 sagat), Niderlandlarda (26,8 sagat), Norwegiýada (27,1 sagat) we Awstriýada (28,4 sagat) hasaba alnandygy anyklandy.

Şol bir wagtyň özünde, iň uzyn iş hepdeleri Butanda (54,5 sagat), Sudanda (50,8 sagat), Lesotoda (50,2 sagat), Kongo Respublikasynda (48,7 sagat), BAE-de (48,4 sagat) we San-Tome we Prinsipide (48,2 sagat) hasaba alyndy.

Hepdede 38,2 sagat bilen Russiýa aralyk orunda durýar. Barlag geçirijiler şeýle hem ýurtda erkekleriň ortaça 39,2 sagat, zenanlaryň bolsa 37,2 sagat işleýändigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Aziýa oýunlary barada gysgaça…
Daşoguzda azyk we beýleki harytlaryň nyrhlary ýene-de ýokarlanýar, dollar 20 manatdan aşdy
11.03.2019 | Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda