Iň köp gol geçiren goragçylar

Goragçylar we gol… Aslynda birinji sözüň deregine hemişe diýen ýaly hüjümçiler ulanylýar. Ýöne häzirki zaman futbolynda birnäçe hüjümçiden köp gol geçiren goragçylaryň bardygy hemmä mälim.Goragçylaryň meýdançadaky ýeri öz derwezeleriniň golaýynda durmak.

Olaryň birinji derejeli wezipesi gol geçirtmezlik. Ýöne garşydaş toparyň derwezesiniň alkymyna baryp, onlarça, hatda ýüzlerçe gol geçiren goragçylaryň sany az däl.Erkin urgularda, burçdan ýerine ýetirilen urgularda goragçylaryň köpüsiniň uzyn boýly bolmagy olaryň gol geçirmegine ýardam berýär.

Jerime urgularyny, 11 metrlik jerime urgularyny ýerine ýetirip, tapawutlanýanlarynyň sany-da ep-esli bar.

Iň köp gol geçiren goragçylaryň sanawynda häzirki wagtda Niderlandlaryň milli ýygyndysyna tälim berýän Ronald Kuman öňdäki orny eýeleýär.Ussat goragçy aýratynam jerime urgulary, onda-da uzak aralyklardan ýerine ýetiren jerime urgulary bilen tanalýar. Özüniň 17 ýyllyk futbol karýerasyna “Groningende” başlap, “Aýaks”, PSW, “Barselona” hem-de “Feýenoord” toparlarynda oýnan Kuman birnäçe hüjümçiniň düýşünde-de ýetip bilmejek sanyna ýetdi.

Wagtal-wagtal ýarymgoragçynyň ýerinde-de oýnaýan saryýagyz futbolçy 253 gol geçirip, bu ugurda goragçylaryň arasynda (hatda köp hüjümçiden hem öňde) birinji basgançakda barýar. 21-nji martda 57 ýaşy arka atan Kuman klublarda 685 oýunda 239, milli ýygyndyda bolsa 78 oýunda 14 goly derwezä girizdi.

Kumandan soň, iň köp tapawutlanan goragçy, keltejik boýy bilen tanalýan, argentin futbolynyň ägirtlerinden, ady eýýämden rowaýatylaryň hataryna girizilen Daniel Passarelladyr. Şu aýyň ahyrlaryna 67 ýaşyna gadam basjak Passarella ýurdunyň “Sarmiento” klubunda futbola başlaýar.

Karýerasynyň 10 ýylyny “Riwer Pleýtde” geçiren Passarella “Fiorentina” we “Inter” toparlarynyň-da köýnekçelerini geýýär.Argentinanyň 2 gezek Dünýä Kubogyny gazanmagyna uly goşant goşan Passarella jemi 175 goly derwezä girizdi (153-si klublarda, 22-si milli ýygyndyda).

3-nji basgançakda ispaniýaly goragçy Fernando Hierro bolup, ol 163 gol geçirdi. 18 ýyllyk futbol karýerasynda “Walýadolid”, “Real Madrid”, “Al-Raýýan” hem-de “Bolton” klublarynda oýnady. Klub futbolynda 134, milli ýygyndyda-da 29 gol geçiren Hierro Ispaniýanyň ýygyndysynyň iň netijeli 5-nji futbolçysydyr. Ondan öňde diňe Dawid Willa, Raul, Torres, Dawid Silwa ýaly ýyldyz hüjümçiler bar.

4-nji orundaky iň köp gol geçiren goragçy Fransiýaly Loran Blan bolup, ol 153 goly öz adyna ýazdyrdy. “Napoli”, “Sent Etien”, “Barselona”, “Marsel”, “Inter”, “M. Ýunaýted” ýaly klublarda oýnan Blanyň burçdan ýerine ýetirilen urgularda kelle urgulary bilen ýygy-ýygydan tapawutlanýardy.

Dünýä Kubogynyň taryhyndaky ilkinji “Altyn goluň” awtory bolan Blan klublarda 137, milli toparda bolsa 16 goly bar. 5-nji ýerdäki şotlandiýaly Grem Aleksander 130 gezek tapawutlandy.Onuň gollarynyň ählisi-de klublardaky oýunlarda hasaba alyndy. Ähli zamanalaryň çep gyraky goragçylarynyň hatarynda öňdäki orny eýeleýän braziliýaly Roberto Karlos 6-njy ýerde barýar.

Jerime urgularyndan, uzak aralyklardan geçiren gollary bilen tanalýan ýyldyz futbolçy 115 gol bilen 6-njy orunda barýar. 78-nji hatarlardaky goragçylaryň 2-si hem 113 gol geçirdi.Olaryň birinjisi Stiw Brýus bolup, ol bir gezek hem milli ýygyndyda çykyş etmedik futbolçydyr. 7-nji ýerde “Bawariýa”, “Aýntraht Braunşwig” hem-de “Real Madridde” ýaly klublarda oýnan germaniýaly Pol Braýtner bolup, ol klub futbolynda 103, milli toparda-da 10 topy derwezä girizdi.

Iň netijeli 10 goragçynyň sanawyndaky häzirki wagtda-da karýerasyny dowam etdirýän ýeke-täk oýunçy ispaniýaly Serhio Ramosdyr. “La Ligada” bassyr 16 möwsüm tapawutlanyp, bu ugurda Messi bilen rekordy paýlaşýan Ramos 110 gezek tapawutlandy.

Onuň ýene-de 23 möwsümden soň, 6-njy orna geçmegi-de mümkin.Futbol oýnunyň ägirtlerinden, Kaýzer lakamly, germaniýaly goragçy Frans Bekkenbauer 109 gezek tapawutlanyp, sanawda 10-njy ýeri eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Iň köp gol geçiren goragçylar
Iň köp gol geçiren goragçylar
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
“Financial Times”: 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlary