Iň köp okalan kitap ady bilen kitap şüweleňi

Iň köp okalan kitap ady bilen kitap şüweleňi

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Röwşen aýakgabyň, Belent filmiň, Bilim nokadyň hem-de Mahabat müdirliginiň hemaýat bermeginde Türkmenistan kinokonsert merkezinde Iň köp okalan kitap ady bilen çagalaryň arasynda kitap şüweleňi geçirildi.

Geçirilen şüweleňe paýtagtymyzyň ýaşaýjylary bilen bir hatarda hemişelik okyjylarymyz hem gatnaşdy. Gurnalan kitap sergisi okyjylarda uly täsir galdyrdy. Sergide çagalar edebiýatyna degişli kitaplaryň dürli görnüşi ýerleşdirildi. Kitap şüweleňiniň dowamynda kitap söýüjiler bilen dürli oýunlar oýnaldy, zehin soraglary esasynda sorag-jogap alşyldy. Ýeňijilere ady agzalan hemaýatkärler tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Geçirilen şüweleňe gatnaşanlar ýaş nesillere kitaby söýdürmek we olaryň kitap bilen ýakyndan dostlaşmagyny gazanmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Sarpasy belent gerçekler
Diýarymda joşýar şirin owazlar
Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
Halypalara sarpa
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Arkadag ýeňişli ýörişini 40 oýna ýetirdi