Sarpasy belent gerçekler

Sarpasy belent gerçekler

Eziz diýarymyzda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly ajaýyp şygarly ýylymyzda, ýene-de bir şanly senesi bolan Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy uly dabaralara beslenip toýlanylýar. Türkmeniň gerçek ýigitleri, ata watanymyzyň, ene topragymyzyň, tutuş dünýäniň asudalygy, üçin janlaryny aýaman söweşen ýürekli gahrymanlardyr.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Beýik Ýeňşiň şanly 79- ýyllygyna bagyşlanyp Sarpasy belent gerçekler atly sergi gurnaldy.Ajaýyp sergide ussat suratkeşleriň watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlaryň keşpleri, tylda çekilen zähmet pursatlary eneleriň buýsanç bilen ýeňiş bilen dolanyp gelýän gerçekleri garşylajak bolup duran pursatlaryny ussatlyk bilen beýan edýär.

Kakageldi Seýitmuhammedowyň Gelýärler, Çary Öwwäýewiň Hiç kim ýatdan çykanok - hiç zat unudylanok, Annameret Taganowyň Gutlaýarys, Welmyrat Jumaýewiň Ýeňijiler atly eserler baý reňk sazlaşyklary şatlykly we gamly pursatlary bilen sergini synlanlarda uly täsir galdyrdy.

Sergä gatnaşanlar umumadamzadyň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary öňe sürýän, döwletli işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny, alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen Mukaddes tugum“ atly sergisi
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi
Köpetdag myhmançylykda Merwden asgyn geldi
Türkmenistan gazeti ýaşlaryň arasynda yglan eden döredijilik bäsleşigini jemledi
Atym bar ganatym bar
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ýyndamlygyň gözbaşy atly sergisi