Ýaryş çekeleşikli dowam edýär

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 22-nji tapgyrda oýnalan 4 duşuşygyň 3-sinde ýer eýeleri ýeňşini baýram etdi.Tapgyryň merkezi oýnunda “Altyn asyr” bilen “Ahal” duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşyk aragatnaşykçylaryň 31 peýdasyna tamamlandy. 14-nji minutda Güýçmyrat Annagulyýewiň goly bilen myhmanlar hasaby açsa-da, 4 minutdan soň, Altymyrat Annadurdyýew hasaby deňlemegi başardy.

Duşuşygyň soňky 11 minutynda-da Zafar Babajanow bilen Gurbangeldi Batyrowyň pökgüleri “Altyn asyra” ýeňiş gazandyrdy. “Energetik” öz meýdançasynda “Balkan” toparyndan 41 hasabynda üstün çykdy. Ýer eýeleriniň gollaryny Pirmyrat Gazakow (2) bilen Alibek Abdyrahmanow (2) derwezä girizdi. Şeýle-de “Şagadam” öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyny 30 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň adyndan täze transfer Süleýman Muhadow, Myrat Hamraýew hem-de Amir Gurbani tapawutlandy. “Merw” bolsa myhmançylykda “Turandan” Perman Hallyýew we Guwanç Ýagmyrowyň gollary bilen 20 hasabynda üstün çykdy.23-nji tapgyrda 3 duşuşyk geçirilip, 1 oýnuň wagty-da milli ýygyndymyzyň Singapur bilen boljak duşuşygy sebäpli soňa süýşürildi.

Sanawyň lideri “Ahal” öz meýdançasynda “Balkany” 20 hasabynda utdy. Ýer eýelerine 3 utuk gazandyran gollaryň 2-sini hem Wahyt Orazsähedow öz adyna ýazdyrdy. “Aşgabat” soňky orunda barýan “Turanyň” torundan jogapsyz 3 pökgi girizdi.

Gollaryň 2-sini tejribeli oýunçy Nazar Baýramow derwezä gönükdirdi. “Köpetdag” bilen “Şagadamyň” arasyndaky oýunda ýeňijini 1 gol kesgitledi. Şol arzyly topy hem ýer eýelerinden Döwlet Seýitmuhammedow öz adyna ýazdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr Täjigistana 28 futbolçy bilen gitdi
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
“Altyn Asyr” “Ahaldan”, “Köpetdag” bolsa “Şagadamdan” üstün çykdylar
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä belledi we boşatdy