Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz gün-günden toý-dabaralara beslenýär. Toýly diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ähli künjeklerinde taýýarlyklar görülýär. Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly ajaýyp sergi gurnaldy.

Sergide türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy, häzirki bagtly durmuşy suratlandyrylan eserler görkezilýär.Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň Toý wagty“, Dutar hakda söhbet“, Ýarly Baýramowyň Gadymy Nusaý topragynda baýramçylyk“, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň Meýdan gülleri“, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Saparmämmet Meredowyň Magtymguly“, Ata Akyýewiň Türkmenler hakynda aýdym“, Kakageldi Seýitmuhammedowyň Bu gün toý“, Walentin Kudrýaşowyň Parfiýa ýaýlasy“, Merdan Kakabaýewiň Ýedigen“ atly eserleri ajaýyp zamanamyzy, toý-dabaralarymyzy, milliligimizi, medeni mirasymyzy we bagtyýar durmuşda ýaşaýan türkmen halky wasp edilýär.

Nakgaş eserleri bilen sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň, Alekseý Şetininiň, heýkeltaraş Ata Ataýewiň heýkel eserleri we Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň we Annameret Taganowyň keramiki eserlerinde baýramçylyk joşgunlaryny, bagtyýar adamlaryň döwlet baýdagymyzy asmana göterýän pursatlaryny hem synlap bolýar.

Parahat asmanda parlaýan baýdagymyzy eserlerde görkezmek bilen suratkeşler häzirki parahat durmuşymyzy açyp görkezipdirler. Ýurdumyzda bellenip geçilýän her bir baýramçylyk mynasybetli gurnalýan sergilerde ussat suratkeşleriň eserlerinde ýüregiňi joşdurýan, buýsandyrýan we galkyndyrýan eserleri synlap bolýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen Mukaddes tugum“ atly sergisi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi
Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurady
Ýubilýarlaryň dörtlügi: dünýä özboluşly dört garaýyş
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlan sergi guraldy