Iň ýaş taýkonawt

Hytaý golaýda “Tiangong” kosmos bekedine kosmonawtlaryň (taýkonawt diýlip atlandyrylýar) üç agzadan ybarat täze toparyny ugratdy.Olaryň arasynda häzire çenli kosmosa çykan iň ýaş taýkonawt 32 ýaşly U Feý hem bar.

Taikonawtlaryň syýahaty 3,5 sagat çemesi wagt dowam edip, kosmos bekedine baryp ýetdi.Hytaýyň adamly kosmos maksatnamasy agentligi (CMSA) taykonawtlar Çžan Hunçžan, Çžan Lu we U Feý bilen bir hatarda 4 sany syçanyň hem kosmosa iberilendigini mälim etdi.

Topara serkerdelik edýän 48 ýaşly Çžan Hunçžan mundan ozal 2022-nji ýylyň noýabrynda kosmosa çykypdy.Toparyň iň ýaş agzasy bolan U Feý ýurduň Kosmos tehnologiýasy akademiýasynda inžener bolup işleýärdi.

Taýkonawtlar şu ýylyň 24-nji aprelinde kosmos bekedine goýberilen we 6 aýdan gowrak wagt bäri ol ýerde işleýän toparyň ýerine geçer.

Hytaý Halkara kosmos bekedinden tapawutlylykda özüniň aýratyn kosmos bekedini gurupdy. Kosmos bekedi esasy bölekden, iki sany laboratoriýadan ybarat. Şeýle hem ýurt gerek bolan halatynda bu bekedi birigiň biljek kosmos teleskopyny hem gurýar.

Garýagdy Öräýew, Türkmenistanyň Inžener-teniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň HHR-e iş sapary tamamlandy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygyndaky çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Başlygy Si Szinpine gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Hytaýyň Täze ýyly bilen gutlady