Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň HHR-e iş sapary tamamlandy

19-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly ornuny tassyklady. Şunda energetika, ulag, kommunikasiýalar, ekologiýa, senagata we beýleki pudaklara “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýetde ýakynlaşmak işini çuňlaşdyrmak ýaly strategik ugurlara üns çekildi.

Iş saparynyň tamamlaýjy gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Milli Liderimiz hem-de HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Başlyk Si Szinpin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi we Hytaýda mübäreklemäge örän şatdygyny belläp, taryhyň dowamynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini nygtady.

Başlyk Si Szinpin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Pekine gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini, döredijilikli halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Başlyk Si Szinpine HHR-e gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan türkmen-hytaý dostlugynyň iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýändigini aýtdy. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr. Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden Ýewropa tarap geçen Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň şerti bolandygy hemmelere mälimdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky meselä ünsi çekip, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny belledi. Köp ýyllaryň dowamynda bu başlangyç Ýewraziýa sebitinde söwda we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar.Halkymyzyň nesilbaşysy hasaplanýan Oguz handan başlap, türkmen döwletlerinde daşary ýurtly ilçileri serhetde behişdi bedewlerimiz — ahalteke atlary bilen garşylamak asylly däp bolupdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Parfiýalylar Hytaýyň imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti serhetde 20 müň atly bilen garşylapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, diplomatik sowgatlaryň arasynda bedewiň iň gymmatly sowgat hasaplanandygyny belledi. Şol döwürlerde dünýä meşhur bolan we “ganatly bedewler” diýlip atlandyrylan atlar Parfiýa tarapyndan “Asman şalygy” atlandyrylan Hytaýyň imperatorlaryna sowgat hökmünde iberilipdir.

Gadymy türkmenler bolan hunlar Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň nesilleridir. Ýewropada hunlary “kunlar” diýip atlandyrýarlar.Gun we Hun sözleri “Gün” diýmegi aňladýar.Hunlar demirgazyk-günbatar Hytaýyň giň çöllerinden Sibire çenli ägirt uly çäkleri eýeläpdir.

Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň hökümdary Mete han Hytaý imperatorlary bilen gowy gatnaşykda bolupdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.Mundan başga-da, VI asyrda ýaşan Göktürkmen döwleti Hytaýyň halky bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklapdyr.

Bilge hanyň baştutanlygynda Göktürkmen döwleti has-da gülläp ösüpdir. Şonda Hytaýyň ilçisi Meýluçžou Bilge hana ýakyn we doganlyk gatnaşyklary berkitmegi teklip edipdir.Tan imperatory Sýuan Szun hem Bilge han bilen şertnama baglaşmak isläpdir.

Taryh Hytaý bilen goňşuçylykda ýaşan hunlaryň we Han hytaý neberesiniň arasynda söwda gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.Hunlaryň hökümdary Mete hanyň hökümdarlyk eden döwründe iki ýurduň arasynda birek-biregiň tejribesini öwrenmek babatda gatnaşyklar ýola goýlupdyr.

Gahryman Arkadagymyz häzirki türkmenleriň ata-babalary hasaplanýan hunlaryň biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda Hytaýyň hökümdary bilen “Kasam şertnamasy” diýlip atlandyrylan şertnama gol çekendikleri baradaky maglumaty anyk mysal hökmünde getirdi.

Bu şertnama iki kuwwatly döwletiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrypdyr.Bu şertnamada hunlaryň we hytaýlylaryň bir maşgala ýaly bolup ýaşandyklary bellenilýär. Şertnamada: “Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz nesillerden-nesillere bu şertnama wepaly bolsun!” diýlip nygtalýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý we hunlar ozalky şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin diplomatik hat alyşmalary ýola goýupdyrlar hem-de hytaý çeşmelerinde Beýik Hun hökümdary Mete hanyň Hytaýyň hökümdary Sýao Wenýuwa ýazan käbir hatlary saklanyp galypdyr diýip belledi.

Halkymyzyň meşhur “Huýrlukga-Hemra” dessanyndaky Çyn-Maçyn ýurduna giden/Hatarly kerweniň geldi” diýen setirler hem türkmen we hytaý halklarynyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly eýýamyndan başlap, gatnaşyklaryň dowam edendiginiň edebi subutnamalarynyň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlara uzaýan dostluk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini ýene-de bir gezek nygtap, Başlyk Si Szinpine duşuşmaga döredilen mümkinçilik we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän, uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ilerledilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

HHR-iň Başlygy Türkmenistana bolan saparyny hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzy ýene-de Hytaýa gelmäge çagyrdy.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk ýygnaklar öýünden Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline bardy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy HHR-iň tebigy serişdeler ministri Wan Guanhua we beýleki resmi adamlar ugratdylar.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen, şol sanda Daşary işler ministrlikleriniň ugry, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary boýunça duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklarda Hytaýyň Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşy bolmak bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy öňe ilerletmek üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi, ýokary derejedäki ýakyn gatnaşyklary saklamagy maksat edinýändigi bellenildi. Olarda syýasy-diplomatik ugur boýunça, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda giň gerimli meselelere garaldy.

Taraplar işjeň dialogy ösdürmek hem-de söwda, ulag-kommunikasiýalar, lukmançylyk, saglygy goraýyş, ylmy-tehniki innowasiýalar, sanly ykdysadyýet we beýleki ulgamlarda bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli duşuşyklary ýola goýmagyň zerurdygy baradaky bir pikiri beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygyndaky çykyşy
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň döwlet ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň döwlet ýolbaşçylaryny gutlady