ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi Günbatar Ýawa ştatynyň Çirandžang şäheriniň 18 km günorta-günbatarynda bolan 5,6 bal ululygyndaky ýer titremäniň, ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.
Sebitiň resmisi Herman Suherman ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 46 adamyň ýogalandygyny, 700 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.
Ýurduň paýtagty Jakarta şäherinde hem duýulan ýer titremeden soň sunami duýduryşy berilmedi.