Indoneziýada ýangyç ammarynda ýangyn boldy

Indoneziýada ýangyç ammarynda ýangyn boldy

Indoneziýanyň döwlet energetika kärhanasy Pertaminanyň paýtagt Jakarta şäherindäki ýangyç ammarynda ýangyn ýüze çykdy.

Wakanyň bolan ýerine köp sanda ýangyn söndüriji topar gönükdirildi, ýerli wagt bilen sagat 20:00-da başlan ýangynyň golaýdaky binalara ýaýramagyndan soň sebitdäki müňlerçe adam howpsuz ýerlere ewakuasiýa edildi.

Resmiler wakada 2-si çaga 17 adamyň ýogalandygyny, 50 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdiler.

Pertamina tarapyndan berilen beýanatda bolsa wakanyň näme sebäpli ýüze çykandygynyň derňelýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

20 ýyldan soň ýarym finala çykdy
Ýewro-2024-iň ähli ýarym finalçylary belli boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär
ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud Balkan welaýatynda iş saparynda boldy