Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Indoneziýanyň Günbatar Ýawa ştatynyň Çandžur sebitinde bolan 5,6 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalanlaryň sany 200 adamdan geçdi.

Günbatar Ýawa ştatynyň gubernatory Ridwan Kamil beren beýanatynda, ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 252 adama ýetendigini habar berdi.

Günbatar Ýawa ştatynda 377-den gowrak adamyň ýaralanan ýer titremede, 13 müňden gowrak adam öýlerinden mahrum boldy, 2 müň 200-den gowrak öýe zeper ýetdi.

Gözleg we halas ediş işleri dowam etmek bilen birlikde ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigi habar berildi.

Indoneziýada 2018-nji ýylda Sulawesi adasynda başdan geçirilen 7,5 bal ululygyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide 2 müňden gowrak adam ýogalypdy, 4 müňden gowrak adam ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
Indoneziýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Indoneziýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Bangladeşde bolan gämi heläkçiliginde 7 adam ýogaldy