Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ukrainanyň Içeri işler ministri Igor Klimenko, Telegram kanalyndan beren beýanatynda, Russiýanyň Donetsk sebitindäki Pokrowsk şäherine garşy raketalar bilen hüjümler gurandygyny habar berdi.

Gözleg we halas ediş toparlarynyň wakanyň bolan ýerinde işler geçirýändigini aýdan Klimenko: "Hüjümlerde 5 adam ýogaldy, 19 polisiýa işgäri, Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň 5 işgäri we 1 çaga jemi 31 adam ýaralandy" diýip mälim etdi.

Klimenko mundan başgada Russiýanyň Harkow sebitindäki Kupýansk etrabyna guran hüjüminde 2 adamyň ýogalandygyny, 5 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Pokrowsk şäherine raketalar bilen guralan hüjüm barada beren beýanatynda: "Russiýa Donbassda ähli zady ýer bilen ýegsan etmäge synanyşýar. Rus terroryny duruzmalydyrys. Russiýa bu elhenç uruşda eden jenaýatlary üçin jogap berer" diýip beýan etdi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy barada buýruk beripdi, şeýlelik bilen Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Rus Hüjümlerinde Köp Sanly Ukrain Raýaty Öldi
Indoneziýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy
Rostowly ýiten balykçylaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Bangladeşde bolan gämi heläkçiliginde 7 adam ýogaldy
DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR