Rostowly ýiten balykçylaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi

Rostowly ýiten balykçylaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi

Rostowyň eteginde iki balykçy ýitenden soňra olaryň gaýygynyň ýanynda ýanýan şar göründi. Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

Waka 1-nji dekabrda boldy, iki sany balykçy Don -1 howdanyna balyk tutmaga gitdiler, emma öýlerine dolanmadylar.

Balykçylaryň biri aýalyna jaň edip, öýe dolanýandyklaryny habar beripdir, emma yzýanyndan onuň bilen aragatnaşyk kesilipdir. Dogan-garyndaşlary olaryň gözlegine çykypdyrlar, emma olar suwda agan gaýygy, kürekleridir balykçylaryň adiklerini tapypdyrlar.

Goňşy bazada oturdylan kameralardan alnan wideoýazgylarda erkek kişiniň iň soňky jaňyndan 14 minut soňra gaýygyň ýanynda şöhle saçýan näbelli obýekti görüpdirler, şol wagt gaýykda balykçylar ýok eken.

Dogan-garyndaşlarynyň sözlerine görä, balykçylar 25 ýyl bäri bile balyk awlaýan eken. Gözleg toparlary howdanyň düýbüni barlapdyrlar, emma olar hiç ýerden balykçylary tapmandyrlar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Gaza Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Türkmenistan bilen Eýranyň Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Türkmenbaşy we Balkanabatda S7 awiakompaniýasynyň petekleriniň satuwy ýola goýuldy, Türkmenistanyň wekili ilkinji gezek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň direktorlar ge
Taýlantda fabrikleriň birinde partlama boldy
Ermenistanda Partlama Boldy
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal