Innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşiginiň jemi jemlendi

Innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýaşlaryň arasynda geçirilen innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.Bäsleşik Ylymlar gününe hem-de 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen şygaryna bagyşlandy.

Bäsleşigiň baş baýragyny Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gülbahar Orazberdiýewa eýeledi.Ol özüniň Çaganyň saglyk ýagdaýyny kesgitlemek üçin sanly ulgamy ulanmak atly taslamasyny örän oňat taýýarlapdyr we bäsleşige hödürledi.

Birinji orna awtorlyk taslamalarynyň 8-si mynasyp boldy: Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Aýşat Işangulyýewanyň Uzak aralyga gatnaýan ulag sürüjileriň ukusyna gözegçilik edýän äýnek taslamasy; Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Alybaba Begowyň DubAI (wideodublirleme) taslamasy; Aşgabat şäherinden Türkmengaz döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mugallymy Aýjemal Hydyrowanyň Gazy çyglandyryp arassalamagyň ferromagnitli täsir etmek usuly taslamasy; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Suraý Memyýewanyň Künji dänesiniň galyndysyndan gliserin almagyň tehnologiýasy taslamasy; Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Merjen Haýtgulyýewanyň Apiplantin ekologiýa taýdan arassa şemler taslamasy; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Aýnur Atamyradowanyň Red Diamond birinji onlaýn gan-donor platformasy taslamasy; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Didar Döwrangeldiýewiň EKO-robot taslamasy; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Annamämmet Garajaýewiň Akylly oba hojalyk tehnikalary taslamasy.

Bäsleşige gatnaşanlaryň iň oňat taslamalarynyň ýene-de 26-sy 7 sany ikinji we 19 sany üçünji baýrakly orunlary mynasyp derejede aldylar. Ýeňijilere hem-de baýrak eýelerine gymmat bahaly sowgatlar, medallar we degişli derejeli diplomlar, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek hem-de işe ýerleşmek üçin teklipnamalar gowşuryldy. Şu ýyl bäsleşige gatnaşmak üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 35 ýaşa çenli bolan zehinli ýaşlardan 600-den gowrak haýyşnamalar berildi.

Geçirilen saýlama işleriniň netijeleri boýunça eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan innowasion taslamalaryň awtorlarynyň 200-e golaýy bäsleşigiň jemleýji, ikinji tapgyryna gatnaşdylar.Final tapgyry Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binýadynda innowasion tehnologiýalaryň sergi-bäsleşigi görnüşinde geçdi.

Bäsleşigiň meýdançasynda ýaşlar dürli pudaklarda özleriniň döwrebap pikirlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik alyp, abraýly emin agzalaryny hem-de çärä gatnaşyjylaryň ählisini haýran galdyrmagy we gyzyklandyrmagy başardylar.Bäsleşigiň çäklerinde web-saýtlary we programma üpjünçiliklerini, ykjam goşundylary işläp taýýarlamak, şeýle hem robot tehnikasy, emeli aň, elektron enjamlar, sanly we innowasion ykdysady nusgalar, hyzmatlaryň innowasion görnüşleri, himiýa we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalyk, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, lukmançylyk hem-de beýleki ulgamlarda taslamalar hödürlenildi.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň hödürlän taslamalary ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň ösdürilmegine ýaşlaryň öz goşantlaryny goşmaga ymtylýandyklaryny we taýýardyklaryny aýdyň görkezdi. Ýurdumyzda iň iri ylym-bilim taslamalarynyň birine öwrülen her ýyl geçirilýän bu bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, höweslendirmäge we goldamaga köp babatda ýardam etmek bilen birlikde, ýaşlaryň ylmy barlaglara, taslama we inženerçilik işlerine, täze ylmy üstünliklere hem-de açyşlara bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy