Institutda inflýuenserlik hünäri açyldy

Irlandiýanyň Woterford şäherindäki adybir Tehnolgiýa institutynda (irlandça “Institiúid Teicneolaíochta Phort Láirge”) jemgyýetçilik torunda işlemegi arzuw edýän ýaşlar üçin täze hünäriň açylandygy mälim edildi. Ýokary okuw mekdebi üç ýyllyk ýokary bilim üçin noýabr aýynda ýüztutmalary kabul edip başlajakdygyny mälim etdi.

Ýokary okuw mekdebi mediýa işi, jemgyýetçilik tory marketingi, jemgyýetçilik tory telekeçiligi, dörediji sanly mediýa, dörediji wideo, ssenaristlik, gürrüň bermek, sosýal psihologiýa, halk bilen gatnaşyklar, žurnalistika we töwekgelçiligi dolandyrmak ýaly ugurlardan sapak berler.

“The Irish Independent” neşiriniň habaryna görä, mediýa hem-de žurnalistika ugrundan okadýan doktor Eleanor O’Leari bu pudagyň global derejede 14-16 milliard dollarlyk bazar gymmatynyň bardygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Husiler: "Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli bir gämä hüjüm guradyk" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gazaly Keselliler Ankara Getirildi
Nigeriýada Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodda Partlama Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Bu gezek ýeňiş gazanmak başartmady