“Inter” 13 ýyldan soň finalda

UEFA Çempionlar Ligasynda ilkinji finalçy belli boldy.Italiýanyň Milan şäherinde oýnalan “Derby Della Madonnina” derbisinde “Inter” köne bäsdeşi “Milany” 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýnuň ýeke-täk goluny 74-nji minutda argentinaly hüjümçi Lautara Martines geçirdi. Şunlukda, 1-nji oýunda-da 2-0, jemi 3-0 ýeňen “Inter” Stambulda oýnaljak finalyň bir tarapy bolmaga hukuk gazandy.

13 ýyldan soň 6-njy gezek finala çykan “Inter” soňky sapar 2010-njy ýylda kubogy eýeläpdi. Žoze Mourinionyň tälimçiliginde finalda “Bawariýany” Diego Militonyň gollary bilen 2-0 ýeňipdi. “Inter” topary ilkinji 2 kubogyny-da yzly-yzyna, 1964-nji we 1965-nji ýyllarda gazanypdy.

Milan şäheriniň wekili 1967-nji we 1972-nji ýyllarda-da finalda, degişlilikde “Seltikden” hem-de “Aýaksdan” asgyn gelipdi.

“Interiň” finaldaky garşydaşy “Mançester Siti” ýa-da “Real Madrid” bolar. 1-1 tamamlanan 1-nji oýnuň jogap duşuşygy şu gije Mançesterde oýnalar. 00:00-da başlanjak oýna polşaly Simon Marçiniak eminlik eder.

UEFA Çempionlar Ligasynda 2022/23 möwsüminiň çempionyny belli etjek final duşuşygy 10-njy iýunda Stambulda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Inter Italiýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy
Bawariýa Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdy, Barselona - Inter - 3:3
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi
Italiýanyň Superi “Inter”