“Interiň” 5-nji çempionlygy

Futzal boýunça UEFA Kubogyna Ispaniýanyň “Inter Movistar” topary mynasyp boldy.Olar Ispaniýanyň Saragosa şäherinde geçirilen “Final Four”-da “Barselonany” Ortisiň gollary bilen 21 hasabynda ýeňip finala çykdy.

Finalda-da Portugaliýanyň “Sporting” toparyny 52 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Ispan toparynyň gollaryny Gadeia, Rikardinio, Elisandro, Rafael, Pola derwezä ýollady. Şunlukda, bassyr 2-nji gezek ýeňiji bolan “Inter” topary, umumylykda 5-nji ýola UEFA Kubogyny asmana göterdi. 2001/02 möwsüminden bäri geçirilýän ýaryşda ispan toparlarynyň ýeňişleri agdyklyk edýär.

Bu ýaryşda ispanlaryň “Inter” topary 5, “Barselonadyr” “Plaýas de Kastellon” klublary bilen Gazagystanyň “Kaýraty” 2 gezek çempion bolmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy
Çemodanlaryň we syýahatçylyk ýantorbalarynyň dükany Samsonite ikinji haryda 30%-e çenli arzanladyş hödürleýär
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Germaniýadaky şähere aýdymçy Teýlor Swiftiň ady dakylar
Taryhy üstünlige ýetip biler
Türkmenistanly tennisçiler Malaýziýada Aziýanyň çempionatyna gatnaşýarlar