Internedi üýtgedip biljek tehnologiýa: ChatGPT

Internedi üýtgedip biljek tehnologiýa: ChatGPT

OpenAI tarapyndan özgerdilen “ChatGPT” söhbetdeşlik roboty (Çat-bot), diýalog görnüşinde aragatnaşyk saklaýan dil modeli hökmünde ençeme tema boýunça kanagatlandyryjy jogaplar berip bilýär. Oňa hatda goşgy düzdürýänler hem bar, kodalama etmegini isleýänler hem bar...

TRT TSR-nyň ähli diňleýjilerine “Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa “Internedi üýtgedip biljek tehnologiýa: ChatGPT” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

OpenAI tarapyndan özgerdilen “ChatGPT” söhbetdeşlik roboty (Çat-bot), diýalog görnüşinde aragatnaşyk saklaýan dil modeli hökmünde ençeme tema boýunça kanagatlandyryjy jogaplar berip bilýär. Oňa hatda goşgy düzdürýänler hem bar, kodalama etmegini isleýänler hem bar...

ChatGPT, emeli intellekt we maşyn bilimi ulanylyp taýarlanan dil modeli. Emeli intelleket ylmy-derňew kärhanasy OpenAI tarapyndan 30-njy noýabrda bütin dünýäniň ulanmagyna hödürledi we takmynan 5 günde 1 million ulanyja ýetdi. Ulanyjylaryň ChatGPT bilen geçiren söhbetdeşliklerinde, ulgamyň köp meselelerde logiki we kanagatlanarly jogap tapýandygyny görüp bolýar.

Adamlaryň berýän jogaplaryna meňzeş jogaplar berýän model, internetden alynan ägirt uly maglumatyň esasynda özgerdildi we öňümizdäki ýyllarda gözleg motorlarynyň ýerine geçip biljekdigi çak edilýär.

ChatGPT-yň arkasynda nähili tehnologiýa bar?

ChatGPT, şu günki güne çenli iň uly we iň güýçli dil işläp taýarlaýan tehnologiýalarynyň biri hökmünde kabul edilýän GPT-3 tehnologiýasyny ulanýar. ChatGPT-yň aýratynlygy bolsa diýalog üçin işlenip taýarlanmagydyr.

Tehnologiýa Akademiýasynyň esaslandyryjysy Dewrim Danýal, ChatGPT-yň ulanyjylaryň pikirlerinden özgerýändigini beýan etdi.

ChatGPT haýsy temalar boýunça gürrüň edip bilýär?

ChatGPT-yň ýeke ýeke nämeler edip bilýändigini aýtmak kyn. Mysal üçin islenýän bi tema boýunça makala ýazyp bilýär. Sagatlyk elektron tablisa düzüp bilýär, gowy taslama teklibini taýarlap bilýär we hat-da aýdym üçin goşgy, hekaýam ssenariý we naharyň taýarlanyş usulyny düzüp bilýär.

ChatGPT geljekde nämä öwrülip biliner?

ChatGPT, entek örän çäkli we OpenAI hem ulgamyň synag tapgyryndadygyny beýan edýär. Bu model internetden alynan ägirt uly maglumat bilen doldurylandygy üçin beren maglumatlarynyň gözden geçirilmeginiň gerekdigi ýatdan çykarylmaly däl.

Tehnologiýa Akademiýasynyň esaslandyryjysy Dewrim Danýal, öňümizdäki döwürde tassyklanan, tassyklanmagy hökman däl maglumatlar beren halatynda karar bermek mehanizmine tarap öwrülip bilinjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt aljyraňňylygy’
20-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
OpenAI kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy emeli intellekt bilen bagly duýduryş berdi
Emeli aň tehnologiýasynyň täze nusgasy
Radukanu tennise dolanýar
ABŞ-da bahasy 2,5 milliard dollar bolan robot-gumanoid döredildi